Jorj Oruelliň powesti boýunça “Haýwanlar fermasy” multfilminiň treýleri çykdy

  • 15.12.2025 15:14
  • 2.4k+

Angel YouTube kanalynda “Haýwanlar fermasy” (Скотный двор) multfilminiň treýleri hödürlendi. Animasion film Jorj Oruelliň adybir powestine esaslanýar.

Taslamanyň režissýory bolup Endi Serkis (“Maugli”, “Wenom-2”) çykyş edýär. Filmiň üstündäki işler 2011-nji ýyldan bäri dowam etdi.
Multfilmiň sýužeti fermada gozgalaň turzup, ol ýerden eýesini kowýan haýwanlar topary barada gürrüň berýär. Ýöne tiz wagtdan olaryň öňünde täze kynçylyk peýda bolýar – fermada agalyk kem-kemden Napoleon atly doňzuň ýolbaşçylygyndaky doňuzlara geçýär. Haýwanlar täze baştutanlara garşy durmaly bolar.
Oruell öz powestini 1945-nji ýylda çap etdi.
Multfilm üçin ssenarini Nik Stoller ýazdy. Prodýuserleriň biri Mett Riwz boldy. Gahrymanlara kino ýyldyzlary ses berdi, olaryň arasynda Set Rogen (doňuz Napoleonyň sesi), Kiran Kalkin, Wudi Harrelson, Geýten Matarasso, Stiw Buşemi, Glenn Klouz, Jim Parsons, Lawerna Koks, Ketlin Týorner we Iman Wellani bar.
Multfilm 2026-njy ýylyň 1-nji maýynda prokata çykar. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....