Detroýtda Robokopyň bürünç heýkeli açyldy

  • 15.12.2025 08:07
  • 3.9k+

Detroýtda Robokopyň bürünçden heýkeli açyldy. Bu heýkeli bäş ýylyň dowamynda döretdiler we ony oturtmaga rugsat almak üçin ýene sekiz ýyl gerek boldy diýip, "The Guardian" habar berýär.

Boýy takmynan 3,3 metr we agramy 1,6 tonna töweregi bolan lowurdaýan heýkel "Free Age" kinostudiýasynyň çäginde ýerleşýär. Açylyş dabarasy derrew janköýerleri özüne çekdi, olar heýkeliň ýanynda surata düşmäge başladylar.
Ýadygärligi oturtmak boýunça kampaniýa 2010-njy ýylda başlandy. 2012-nji ýylda dünýäniň 2700-den gowrak janköýeri "Kickstarter" platformasy arkaly bu taslama üçin 67 000 dollar ýygnady. Detroýtly heýkeltaraş Jorj Gikas heýkeli döretmek we ony 2017-nji ýylda tamamlamak wezipesini öz üstüne aldy. Şeýle-de bolsa, koronawirus bilen baglanyşykly çäklendirmeler ýaly, dürli sebäplere görä heýkeli oturmak uzak wagtlap yza galdyryldy.
Üç ýyl mundan ozal "Free Age" kinostudiýasy "Istern-Market" etrabynda bina satyn alandan soň ýagdaý üýtgedi. Heýkeltaraş we etrabyň wekilleri studiýanyň meýdançasynda ýadygärlik gurmak teklibi bilen studiýanyň şärik eýesi Jim Toskano bilen habarlaşdylar. Toskano bu başlangyjy goldady.

"Bu juda üýtgeşik, diýseň aýratyn, goldaman bolmajak, gaty haýran galdyryjy" diýip, ol belledi.

The Guardian-yň belleýşi ýaly, Detroýt uzak wagtlap özüniň howpsuz şäher diýen abraýyny ýatladyp biljek islendik zada garşy çykyp gelipdi. Şeýle-de bolsa, zorlukly jenaýatyň derejesiniň peselendigi we adam öldürmegiň derejesiniň 1960-njy ýyllaryň ortalaryndaky görkezijilerden aşak düşendigi sebäpli, şäheriň häkimiýetleri heýkeliň oturdylmagyna garşy çykmadylar.
1987-nji ýylda surata düşürilen "Robokop" filmi söweşjeň žanrynyň ösmegine täsir etdi. Filmdäki wakalar garyplyk we köçe jenaýatlary bilen gurşalan ýakyn geljegiň Detroýtynda ýaýbaňlanýar. Polisiýanyň üstünden agalygy özüne almaga çalyşýan, zalym korporasiýa tarapyndan döredilen ýeňilmez kiborg garakçylara gaýtawul bermeli bolýar.
Film üç sany doly göwrümli dowamyny öz içine alýan giňişleýin franşizany, şeýle hem teleseriallary, multseriallary, komiksleri, oýunjaklary we wideo oýunlaryny döretmäge itergi berdi.


düýn 12:34
1.3k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......