The Ring: Fýuriniň Joşua garşy söweşi 2026-njy ýylda Er-Riýadda bolar

  • 15.12.2025 09:14
  • 5k+

Super agyr agramda boks boýunça iki öňki dünýä çempiony, britaniýalylar Taýson Fýuri bilen Entoni Joşua 2026-njy ýylda Er-Riýadda köpden bäri garaşylan söweşi geçirer. Bu barada The Ring neşiri habar berdi.

Olaryň duşuşygy geçiriljek wagty takyk kesgitlenmedik Riyadh Season ýaryşynyň esasy wakasy bolar.
WBC-niň öňki çempiony bolan 37 ýaşly Fýuri 2024-nji ýylda ukrainaly Aleksandr Usikden yzygider iki gezek ýeňildi. Ikinji söweşden soň Usik absolýut dünýä çempiony titulyny gazandy. Fýuriniň hasabynda 34 ýeňiş, iki ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.
36 ýaşly Joşua ozal WBO, WBA we IBF guşaklaryna eýeçilik etdi. Ol 19-njy dekabrda bloger Jeýk Pola garşy söweşer. Joşuanyň professional ringde statistikasy 28 ýeňişden we dört ýeňlişden ybarat.


düýn 14:53
7.6k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.6k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......