"Superdoganlar Mario" filminiň dowamynyň täze tizeri çykdy

  • 15.12.2025 16:57
  • 1.8k+

Illumination we Universal Pictures kino kompaniýalary meşhur "Superdoganlar Mario. Film" filminiň dowamy bolan "The Super Mario Galaxy Movie" atly animasion filmiň täze tizerini hödürlediler.

Wideoda Mario bilen Luijiniň franşizanyň esasy garşydaşy bolan Bouzeriň ogly Bouzer-kiçi bilen arasyndaky söweş görkezilýär.
Filmiň dowamyny 2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde görkezmek meýilleşdirilýär. Gahrymanlary ýene-de birinji filme gatnaşan ýyldyz aktýorlar topary seslendirýär. Olar: Kris Pratt (Mario), Çarli Deý (Luiji), Jek Blek (Bouzer), Anýa Teýlor-Joy (Şa gyzy Piç), Kigan-Maýkl Ki (Toad) we Kewin Maýkl Riçardson (Kamek).
Asyl film, "Superdoganlar Mario. Film", 2023-nji ýylyň aprelinde ekranlara çykdy. Film dünýäde $1,36 milliard girdeji gazandy we taryhda wideo oýunlaryň iň köp girdeji gazanan filmi boldy.

Birinji filmiň wakasy Brukliniň iki santehnigi Mario we Luijiniň garaşylmadyk ýagdaýda jadyly dünýä — Kömelek Patyşalygyna düşüşi barada gürrüň berýär. Mario doganyny halas etmek üçin Şa gyzy Piç, Toad we Donki Kong bilen bilelikde hereket edip, zalym pyşbaga patyşasy Kupa-Bouzere garşy göreşýär.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....