Hyundai köpçülikleýin çykjak pilotsyz MobED rowerini görkezdi

  • 15.12.2025 08:22
  • 1.4k+

Hyundai 2021-nji ýylda ilkinji gezek yglan edilen MobED (Mobile Essentric Droid) ykjam platformasynyň köpçülikleýin önümçilik wersiýasyny hödürledi. Ýokary geçijilik ukyby bilen tapawutlanýan bu robot arabajygy ownuk ýükleri eltip bermek ýaly dürli wezipeler üçin niýetlenendir.

Hyundai 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda pilotsyz platformalary öndürip we satyp başlamagy meýilleşdirýär.
Döredijiler üýtgeşik podweskany MobED-iň esasy artykmaçlygy hökmünde görkezýärler. Elektronika her tigriň öwrülme burçuny we beýikligini garaşsyz sazlamaga mümkinçilik berýär. Bu aýratynlyk platformanyň eňňit burçuny üýtgetmäge ýa-da, tersine, ony islendik üstde (örtügiň üstünde) pugta gorizontal ýagdaýda saklamaga mümkinçilik berýär. Tigirleriň innowasion berkidilmegi arkaly MobED dürli päsgelçilikleri daşalýan ýüke zyýan ýetirmezden ýeňip geçip biler.

Kompaniýa iki wersiýany hödürledi: "Basic" we "Pro". Uzynlygy 1150 millimetr we beýikligi 430 millimetr, öz agramy 78 kilograma barabar bolan "Basic" wersiýa 57 kilograma çenli ýüki daşap bilýär. "Pro" wersiýasy has beýik (650 millimetr) we agyr (88 kilogram), ýöne onuň ýük göterijiligi 47 kilograma deňdir, bu bortdaky enjamlaryň sanynyň artmagy bilen düşündirilýär.
Eger "Basic" wersiýasy hereket etmek üçin operatoryň uzakdan dolandyryş gözegçiligini talap edýän bolsa, "MobED Pro" doly awtonomlyk (özbaşdaklyk) funksiýasyna eýedir. Muňa ýetmek üçin robot arabajygy kameralaryň, lidar datçikleriň we emeli aň elementleri bolan programma üpjünçiliginiň toplumy bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu enjam oňa päsgelçilikleri netijeli tanatmaga we olardan aýlanyp geçmek üçin karar kabul etmäge mümkinçilik berýär.
Hyundai MobED platformasyny ilkinji nobatda eltip beriş rowerleri üçin esas hökmünde göz öňünde tutýar, ýöne geljekde ol islenilýän beýleki maksatlar üçin hem uýgunlaşdyrylyp bilner.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....