ÝB içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryň satuwyna gadaganlygy 2040-njy ýyla çenli yza süýşürýär

  • 15.12.2025 07:45
  • 4k+

Ýewropa Bileleşigi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili täze ulaglary satmaklyga goýlan gadaganlygy yza süýşürmegi meýilleşdirýär. Bu barada "The Times" gazeti öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

ÝB-ne agza 27 döwlet tarapyndan 2023-nji ýylda gol çekilen ylalaşygyň ilkibaşda 2035-nji ýylda güýje girmegi meýilleşdirilipdi. Emma muňa garamazdan, gadagançylygyň bäş ýyl, 2040-njy ýyla çenli yza süýşürilmegine garaşylýar.
Resmi däl maglumatlara görä, möhleti yza süýşürmek baradaky karar Ýewropanyň iri awtoulag öndürijileriniň we kärdeşler birleşikleriň basyşy astynda kabul edildi. Doly elektrikli ulaglara bolan islegiň ýeterlik derejede ösmeýän awtoulag bazaryndaky häzirki ýagdaý hem goşmaça faktor boldy. Elektrikli awtoulag önümçiligini ösdürmek we işe girizmek ýokary çykdajylar bilen baglanyşykly bolup, bu bolsa kompaniýalary tygşytlamaga we işgärleri köpçülikleýin işden çykarmagyň öňüni almaga mümkinçilik berýän ýollary gözlemäge mejbur edýär.
Täzelenen meýilnamanyň resmi taýdan yglan edilişiniň 17-nji dekabrda bolmagyna garaşylýar. Täzelenen maksatnamada elektrikleşdirilen ulaglara, esasanam, zarýad berilýän gibridlere (plug-in gibridlere) we içinden ýandyrylýan hereketlendirijili diňe energiýa generatory hökmünde ulanýan gibrid güýç gurluşy bolan ulaglara has köp üns berler diýlip garaşylýar. Öň sintetiki ýangyç bilen işleýän hereketlendirijiler üçin kadadan çykma öz güýjünde galýar.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....