ChatGPT App Store-da iň köp ýüklenen mugt programmalaryň sanawynda birinji boldy

  • 15.12.2025 14:52
  • 1.4k+

Apple 2025-nji ýylda App Store-da iň köp ýüklenen mugt programmalaryň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny OpenAI-iň ChatGPT çat-boty eýeledi.

Hyzmat sekuntda 30 müňden gowrak habary gaýtadan işleýär. Uly ýaşly ulanyjylaryň köpüsi adaty gözleg ulgamlarynyň deregine çat-boty maglumat gözlemek üçin işjeň ulanýar.
Amerikan ýetginjekleriniň tas üçden bir bölegi çat-botlara her gün ýüz tutýar we şeýle ýüzlenmeleriň 59%-i hut ChatGPT-niň paýyna düşýär. Hyzmatyň auditoriýasy hepdede 800 million ulanyjydan geçýär. Soňky bir ýylda ol dört esse ýokarlandy, mart aýyndan bäri bolsa 300 milliondan gowrak ulanyjy goşuldy. Şonuň üçin App Store-da ChatGPT-niň öňdebaryjy bolmagy geň däl bolsa gerek. Şeýle-de bolsa, OpenAI durnukly täjirçilik üstünligine ýetmekden heniz uzakda.
Häzirki wagtda Google tarapyndan hem bäsdeşlik barha güýçlenýär. Kompaniýa ChatGPT-niň öz gözleg ulgamynyň ýerini tutmagyndan howatyrlanyp, özüniň Gemini modelini Chrome brauzerine we beýleki önümlere derrew girizdi. Gemini Apple-iň programmalar sanawynyň ilkinji onlugyny jemlese-de, onuň meşhurlygynyň artmagy OpenAI-i ygtybarlylyga we öndürijilige üns bermäge mejbur edýär. Bu ugurda ilkinji ädim GPT-5.2 modeliniň işe girizilmegi boldy.
App Store-da iň köp ýüklenen mugt programmalaryň sanawynda ikinji orny Threads eýeleýär. Şeýle-de, ilkinji onluga TikTok, WhatsApp, Instagram we YouTube girdi. Facebook on birinji orunda ýerleşdi, Twitter bilen Bluesky bolsa hatda ýigrimiligi-de girmedi. Programmalaryň arasynda CapCut güýçli netije görkezip, on ikinji orny eýeledi.


28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

23.04.2026 22:41
3.8k+

Germaniýada bir adam ChatGPT-niň kömegi bilen kazyýet işini utdy

Germaniýada emeli aňdan peýdalanyp, kazyýetde özüni aklamagy başaran adam barada täsin waka hasaba alyndy. Leýpsig şäheriniň ýaşaýjysy Dawid Hins öz goranyş çäresini ChatGPT neýroulgamynyň kömegi bilen......