Britaniýaly heýkeltaraş gan öýjüginiň ululygyndaky heýkeli döretdi

  • 15.12.2025 12:03
  • 2.6k+

Britaniýaly heýkeltaraş Dewid Lindon (David Lyndon) dünýäde el bilen ýasalan iň kiçi iş hökmünde täze rekord goýan "Sary smaýlik" atly täze mikroskopiki heýkelini hödürledi. Ýylgyrýan şary ýatladýan miniatýuranyň ölçegleri bary-ýogy 11,037 we 12,330 mikrona deňdir.

Ölçegleri boýunça "Sary ýylgyryş" adamyň gan öýjügine ýa-da kömelegiň sporasyna meňzeş bolup, ony ýönekeý göz bilen görmek mümkin däl.
Heýkeltaraş öz mikrominiatýurasyny poçta markasynyň üstünde, şa aýal Ýelizaweta II-niň gözüniň şekilini emele getirýän kiçijik syýa nokatlarynyň birini saýlap ýerleşdirdi. Mikroskop astynda seredilende, smaýligi gurşap alýan gülgüne reňkli tegmilleri anyklamak kyn.

Dewid Lindonyň täze işi, onuň öňki rekord goýan döredijiliginden – ölçegleri 0,02517 mm we 0,02184 mm bolan "Lego kerpiçinden" iki esse kiçi boldy.
Ussanyň mikrominiatýuralary eýýäm 12 gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.


düýn 10:46
2.8k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....