10k+

Ronaldu yzygider üçünji ýyl iň köp gazanýan türgenleriň sanawynda birinji orny eýeledi

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunda çykyş edýän portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu yzly-yzyna üçünji ýyl «Forbes» žurnaly tarapyndan dünýäniň iň köp gazanýan türgeni diýlip ykrar edildi. Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň 1-nji maýyndan 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli onuň girdejisi 275 mln dollara ýetipdir...

11k+

“Barselona” 28-nji gezek futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony boldy

“Barselona” Ispaniýanyň çempionatynda möhletinden öň ýeňiji boldy. La Liganyň 36-njy tapgyrynyň myhmançylykda geçirilen oýnunda topar “Espanýoly” 2:0 hasabynda utdy. Duşuşygyň 53-nji minutynda Lamin Ýamal gol geçirdi, goşulan wagtyň 6-njy minutynda bolsa Fermin Lopes tapawutlandy...

8.1k+

“Bolonýa” tutuş ýaryşyň dowamynda ýekeje gol geçirdip, Italiýanyň Kubogyny aldy

“Bolonýa” tutuş ýaryşyň dowamynda diňe bir gol geçirdip, Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy. Finalda boloniýalylar “Milany” 1:0 hasabynda utdy. “Bolonýa” şu möwsümiň Kubok ýaryşynda ýeke-täk topy ýarym final tapgyrynyň “Empoli” bilen jogap oýnunda (2:1) sypdyrdy – goly ýarymgoragçy Wiktor Kowalenko geçirdi...

13k+

UFC resmi taýdan Hamzat Çimaýew bilen Drikus dýu Plessiniň söweşini yglan etdi

Ultimate Fighting Championship (UFC) promouşeniniň metbugat gullugy 2025-nji ýylyň 16-njy awgustynda Çikago amerikan şäherinde geçiriljek UFC 319 ýaryşynyň esasy söweşini yglan etdi. Agşamyň esasy wakasynda orta agramda (84 kg çenli) UFC-niň çempiony, günorta afrikaly Drikus dýu Plessi ýeňilmedik dalaşgär Hamzat Çimaýew bilen duşuşar...

11k+

Salah, Mbappe ýa-da Lewandowski: “Altyn butsa” kim dalaş edýär?

Mohamed Salah, Kilian Mbappe, Robert Lewandowski we Garri Keýn ýewropa çempionatlarynyň iň gowy bombardirine berilýän “Altyn butsy” baýragy üçin esasy dalaşgärler hasaplanýar. Ýöne häzirki wagtda reýtingde birinji orny Lissabonyň “Sporting” klubunyň şwesiýaly hüjümçisi Wiktor Dýokereş eýeleýär...

9.8k+

Fabrisio Romano: “Real” Habi Alonso bilen 2028-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy

Lewerkuzeniň “Baýeriniň” baş tälimçisi Habi Alonso Madridiň “Realy” bilen 2028-nji ýyla çenli möhlet bilen şertnama baglaşdy. Bu barada žurnalist Fabrisio Romano X sosial ulgamynda habar berdi. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, ispaniýaly hünärmen tomusda – 15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da geçiriljek futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatyndan soň işe girişer...

5.7k+

Ýannik Sinner Italiýanyň MOK-nyň iň ýokary baýragyna mynasyp boldy

Dünýäniň birinji raketkasy, “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň üç gezek ýeňijisi, italiýaly tennisçi Ýannik Sinner Italiýanyň Milli Olimpiýa komitetiniň iň ýokary baýragyny – “Altyn ýakany” (Collare d’Oro) aldy. Baýragy türgene MOK-nyň prezidenti Jowanni Malago gowşurdy...

21k+

"Arkadag" futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony boldy

«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalynda Kambojanyň dört gezek çempiony “Preah Khan Reach Svay Rieng” toparyny goşmaça wagtda 2:1 hasabynda utup, çempion boldy. Kambojanyň paýtagtynda geçirilen oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy...

6.7k+

Dewid Bekhem we Gari Newill “Solford Siti” klubunyň eýeleri boldy

“Mançester Ýunaýtediň” öňki meşhur futbolçylary Dewid Bekhem we Gari Newill “Solford Siti” futbol klubunyň egindeş eýeleri boldy. Bu klub häzirki wagtda ABŞ-nyň dördünji diwizionynda çykyş edýär. Bu barada klubuň resmi saýty habar berdi...

2.7k+

“Formula-1-iň” sürüjileri LEGO-dan düzülen ulaglarda ýaryşdy

Geçen dynç günleri Maýaminiň Halkara awtodromynda “Formula-1” çempionatynyň altynjy tapgyry başlamazdan ozal ýaryşa gatnaşyjylaryň däp bolan ýörişi geçirildi. Bu gezek olar aýlawy adaty ulaglaryň deregine LEGO böleklerinden ýygnalan doly göwrümli bolidlerde geçdi diýip, Reuters habar berýär...

11k+

Kriştianu Ronaldunyň ogly Portugaliýanyň ýaşlar ýygyndysyna çagyryldy

Kriştianu Ronaldunyň uly ogly – 14 ýaşly Kriştianu duş Santuş Portugaliýanyň 15 ýaşa çenli ýaşlar milli ýygyndysyna çagyryldy. Bu barada Portugaliýanyň futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär. Ýygyndy 13-18-nji maý aralygynda Horwatiýada geçiriljek Wlatko Markowiç adyndaky halkara ýaryşyna gatnaşar...

8.7k+

Aşgabatda 3600 metr aralyga marafon ýaryşy geçirildi

4-nji maýda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Sport — parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewi» atly 3600 metr aralyga ylgamakda sport marafony geçirildi...

2k+

Kasper Ruud “Masters” ýaryşynda ilkinji titulyny gazandy

Norwegiýaly tennisçi Kasper Ruud karýerasynda ilkinji gezek “Masters 1000” ýaryşynda ýeňiji boldy. 4-nji maýda Madridde geçirilen ýaryşyň finalynda ol britaniýaly Jek Dreýperi 7:5, 3:6, 6:4 hasabynda utdy. Oýun 2 sagat 29 minut dowam etdi...

4.9k+

Mýunheniň “Bawariýasy” 34-nji gezek Bundesliganyň ýeňijisi boldy

Mýunheniň “Bawariýasy” möwsümiň gutarmagyna iki tapgyr galanda 2024/25 möwsüminiň futbol boýunça Germaniýanyň çempionatynda öz ýeňşini üpjün etdi. Bu Lewerkuzeniň “Baýeri” 32-nji tapgyrda “Fraýburg” bilen deňme-deň – 2:2 hasabynda oýnandan soň belli boldy...

5.4k+

Boksçy Saul Alwares absolýut dünýä çempiony adyny gaýtaryp aldy

Meksikaly boksçy Saul Alwares 76,2 kg çenli agram derejesinde absolýut dünýä çempiony adyny gaýtaryp aldy. Ol Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirilen 12 raundlyk söweşde kubaly Uilýam Skulldan emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen üstün çykdy...