Gazagystanly tennisçi Aleksandr Bublik Germaniýada ATP 500 ýaryşynyň ýeňijisi boldy

  • 23.06.2025 12:17
  • 2.7k+

Gazagystanly tennisçi Aleksandr Bublik Gallede (Germaniýa) geçirilen ATP 500 ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Finalda ol russiýaly Daniil Medwedewi 6:3, 7:6 hasabynda utdy. Duşuşyk 1 sagat 21 minut dowam etdi.

Bu Bubligiň Galledäki ýaryşda 2023-nji ýyldaky ýeňşinden soň ikinji ýeňşi boldy. Bu üstünligi netijesinde ol dünýä reýtinginiň ilkinji 30 oýunçysynyň arasyna gaýdyp geldi. Medwedew ýeňlişine garamazdan, 11-nji orundan 9-njy orna çykdy. Galledäki final onuň üçin soňky iki ýylda altynjy utulan finaly boldy.
Titul üçin Bublik dörtden bir finalda dünýäniň birinji raketkasy italiýaly Ýannik Sinneri utdy.
Bublik üçin möwsüm üstünlikli geçýär. Maý aýynda ol Turinde toprak kortda geçirilen “çellenjer” ýaryşynda ýeňiş gazandy. Mundan başga-da, “Rolan Garros-2025-de” dörtden bir finala çykyp, bu ýaryşda şeýle netijä ýetmegi başaran Gazagystandan ilkinji tennisçi boldy.
Ýaryşyň baýrak gaznasy 2,5 mln ýewro barabar.


08.06.2026 12:41
1.9k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 23:33
3.4k+

2026-njy ýyldaky göreş boýunça dünýä çempionaty Bahreýnden Astana şäherine geçirildi

Birleşen dünýä göreşi guramasy (UWW) 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň Bahreýnden Gazagystanyň Astana şäherine geçirilýändigini yglan etdi. Bu karar Olimpiýa komiteti we Bahreýniň Göreş federasiýasy bilen......