Iliýa Topuriýa UFC-niň iň gowy söweşijileriniň umumy reýtinginde Islam Mahaçewden öňe geçdi

  • 03.07.2025 10:25
  • 13k+

UFC Las-Wegasda (ABŞ) geçen dynç günleri geçirilen UFC 317 ýaryşyndan soň iň gowy söweşijileriň reýtingini täzeledi.

Gruziýadan ýeňil agramda (70 kg çenli) çempion Iliýa Topuriýa UFC-niň Pound-For-Pound (agram derejesine garamazdan) umumy reýtinginiň başyna geçdi, ol birinji orundan russiýaly Islam Mahaçewi gysyp çykardy.

Reýtingiň ilkinji onlugy şeýle görnüşde:

  1. Iliýa Topuriýa (Gruziýa / Ispaniýa)
  2. Islam Mahaçew (Russiýa)
  3. Merab Dwalişwili (Gruziýa)
  4. Drikus dýu Plessi (Günorta Afrika)
  5. Aleksandr Pantoža (Braziliýa)
  6. Aleksandr Wolkanowski (Awstraliýa)
  7. Magomed Ankalaýew (Russiýa)
  8. Jek Della Maddalena (Awstraliýa)
  9. Tom Aspinall (Beýik Britaniýa)
  10. Aleks Pereýra (Braziliýa)

düýn 11:39
10k+

Striklend ýeňilmezek Çimaýewi ilkinji ýeňlişine sezewar edip, UFC guşagyny yzyna aldy

Şon Striklend Nýuark şäherinde geçirilen UFC 328 ýaryşynyň esasy söweşinde Hamzat Çimaýewi ýeňip, orta agramda UFC-niň çempiony diýen ady aldy. Bäş raund dowam eden tutluşyk eminleriň dürli çözgüdi bilen......

09.05.2026 00:16
7.6k+

Hamzat Çimaýew – Şon Striklend urşy: haçan we nirede görmeli

2026-njy ýylyň 9-njy maýyndan 10-njy maýyna geçilýän gije (Aşgabat wagty bilen 10-njy maý) ABŞ-nyň Nýuark şäherindäki «Prudenşl Sentr» arenasynda UFC 328 ýaryşy bolar. Onuň esasy wakasynda orta agram......

04.05.2026 11:23
3.3k+

UFC ilkinji gezek Serbiýada ýaryş gurnar

Absolýut söweş çempionaty (UFC) öz taryhynda ilkinji gezek Serbiýada turnir geçirer. Guramanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ýaryşlar 2026-njy ýylyň 1-nji awgustynda Belgrad şäherinde bolar....

02.05.2026 16:41
7.7k+

UFC-niň ýyldyzlary Arman Sarukýan bilen Toni Fergýuson RAF 10 ýaryşynda duşuşarlar

2026-njy ýylyň 13-nji iýunynda ABŞ-nyň Sent-Luis şäherinde geçiriljek RAF 10 ýaryşynyň çäginde UFC-niň guşagyna esasy dalaşgärleriň biri Arman Sarukýan bilen meşhur “weteran” söweşiji Toni Fergýusonyň arasynda......