«Barselona» öýüne dolanýar: Täzelenen "Kamp Nouda" geçiriljek ilkinji duşuşygyň senesi belli boldy

  • 28.06.2025 11:36
  • 11k+

 

"Barselona" futbol kluby resmi taýdan "Spotify Kamp Nou" stadionyna dolanýandygyny yglan etdi. Abatlaýyş işleri tamamlanandan soňky ilkinji duşuşyk 2025-nji ýylyň 10-njy awgustynda - her ýyl geçirilýän Joan Gamper Kubogynyň çäginde geçiriler.

Soňky iki möwsümde katalon kluby öý duşuşyklaryny Lýuis Kompanis adyndaky Olimpiýa stadionynda oýnady.

"Bu gezekki gaýdyp gelmeklik klub hem onuň janköýerleri üçin taryhy pursat bolup durýar. Iki ýyldan gowrak wagtlap dowam eden düýpli abatlaýyşdan we wagtlaýyn göçüşden soň, "Barselona" öz meşhur "ybadathanasynyň sahnasynda" futboluň tolgunmasyny ýene-de duýar" — diýip, klubuň beýanatynda aýdylýar.

"Kamp Nou" stadionynyň abatlaýyş işleri 2022-nji ýylda başlady, emma stadionyň käbir ýerlerinde işler heniz hem dowam edýär. The Athletic neşiriniň maglumatyna görä, stadionyň üçünji gatynyň, VIP-sektorlaryň we üçeginiň gurluşygy dowam edýär. Şonuň üçin stadion awgustda diňe bölekleýin açylar we ilkinji duşuşygy takmynan 25 müň tomaşaçy tomaşa eder diýip garaşylýar. Abatlaýyş işleri doly tamamlanandan soň stadionyň sygymy 105 müň adama ýeter.
"Barselona" La Liga bilen habarlaşyp, möwsümi myhmançylykdaky oýunlar bilen başlamak isleýändigini mälim etdi — bu stadionda taýýarlyk işleriniň tamamlanmagy üçin edilýär. Ilkibaşda klub "Kamp Nou" stadionyna 2024-nji ýylyň noýabrynda, toparyň döredilmeginiň 125 ýyllygy mynasybetli dolanmagy meýilleşdirýärdi. Indi bolsa doly dolanmaklyk 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda, Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň öň ýanynda garaşylýar.
Espai Barça taslamasy stadiondaky abatlaýyşlary, täze infrastruktura desgalarynyň gurulmagyny we stadionyň töweregindäki ýerleriň döwrebaplaşdyrylmagyny öz içine alýar. Bu taslamanyň jemi bahasy 900 million ýewro bolup durýar.
"Barselona" kluby Goldman Sachs kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda 424 million ýewro möçberindäki karzy täzeden maliýeleşdirdi. Katalon kluby umumy berginiň 40%-den gowragyny düzüji bu karzy täzeden düzgünleşdirmek üçin 424 million ýewrolyk obligasiýa çykardy. Ilkibaşda bu karzy 2028-nji ýylda üzmek meýilleşdirilse-de, täze düzgün bilen tölegler 2033-nji ýylda başlap, 2050-nji ýyla çenli doly tamamlanar. Tölegleriň stadiondan alnan girdejiler hasabyna amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.


düýn 10:10
5.4k+

ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi

«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy......

29.04.2026 09:59
6.5k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4.4k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 14:43
9.1k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....