“Bawariýa” erkin agent hökmünde klubdan giden Zane we Daýer bilen hoşlaşdy

  • 01.07.2025 18:17
  • 7k+

Mýunheniň “Bawariýasy” merkezi goragçy Erik Daýer we winger Leroý Zane bilen hoşlaşdy. Futbolçylaryň ikisiniň hem nemes kluby bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýärdi. Şeýlelikde, oýunçylar kluby erkin agent hökmünde terk etdi.

“Şu gün Erik Daýeriň “Bawariýanyň” oýunçysy hökmünde resmi taýdan soňky güni! Ähli zat üçin minnetdar, Erik” – diýlip, klubuň goragça bagyşlanan beýanynda aýdylýar.
“Bawariýanyň” köýnekçesinde geçiren bäş ýylyň üçin minnetdar, Leroý Zane! Biz saňa geljekde ähli gowulyklary arzuw edýäris!” – diýlip, toparyň metbugat gullugy germaniýaly oýunça ýüzlendi.

Belläp geçsek, Erik Daýer karýerasyny Fransiýada dowam etdirer. Goragçy “Monako” bilen şertnama baglaşdy. Leroý Zane bolsa Stambulyň “Galatasaraý” klubunyň oýunçysy boldy.


düýn 13:51
8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......