Formula-1 Awstriýa Gran-prisini 2041-nji ýyla çenli uzaltdy

  • 02.07.2025 11:06
  • 1.9k+

Formula-1-de Awstriýanyň Gran-prisi tapgyryň promouteri Projekt Spilberg bilen täze ylalaşyk gazanylandan soň, 2041-nji ýyla çenli uzaldyldy. Muny "patyşalyk ýaryşlarynyň" metbugat gullugy yglan etdi.

"Formula-1-iň köp ýyllaryň dowamynda “Red Bull Ringde” galjakdygyna begenýärin. Men kakamyň işini dowam etdirmek bilen, Ştiriýada we “Red Bull Ringde” awtosportuň baý taryhyny gorap saklaýandygyma buýsanýaryn. Awstriýanyň Formula-1 bilen ýakyn arabaglanyşygy uzak möhletli hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirmegimiz üçin örän gowy esas hasaplanýar. Bile işleşmek bilen biz üstünligiň bu taryhyny köp ýyllap dowam etdirmegi niýet edinýäris” diýip, Formula-1-iň metbugat gullugy “Red Bull” kompaniýasynyň eýesi Mark Mateşisiň sözlerini getirýär.

Awstriýa tapgyry “Patyşalyk ýaryşlarynyň” senenamasynda eýýäm 37 gezek peýda boldy. Ýeňişler boýunça rekord eýesi Formula-1-iň dört gezek çempiony bolan "Red Bull" toparyndan Maks Werstappen (4 tapgyrda ýeňiş gazandy).


19.06.2026 19:42
1.3k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....