Agyr agramda UFC-niň çempiony Jon Jons karýerasyny tamamlady. Guşak Aspinalla geçdi

  • 23.06.2025 13:49
  • 11k+

Agyr agramda UFC-niň çempiony Jon Jons 37 ýaşynda karýerasyny tamamlady. Bu barada söweş guramasynyň prezidenti Dana Uaýt Azerbaýjanda metbugat maslahatynda aýtdy. Bu ýerde UFC Fight Night ýaryşy geçirildi.

“Jon Jons düýn agşam jaň edip, karýerasyny tamamlaýandygyny aýtdy. Jon Jons resmi taýdan karýerasyny tamamlady. Tom Aspinall – agyr agramda UFC-niň täze çempiony” – diýip, Uaýt aýtdy.

Soňrak Jons hem bu maglumaty sosial ulgamlarda tassyklady. “Bu çözgüt uzak pikirlenmeden soň kabul edildi we men häzire çenli geçen ýolum üçin çuňňur minnetdarlyk bildirmek pursatyndan peýdalanmak isleýärin” – diýip, söweşiji ýazdy.
Jons iýul aýynda 38 ýaşyny doldurar. Ol karýerasynda 28 ýeňiş (11-isi – nokaut bilen) gazandy we bir ýeňlişe sezewar boldy. Ol UFC-niň taryhynda iň ýaş çempion (21 ýaş) boldy. 2008-nji ýyldan bäri promouşende çykyş etmek bilen, amerikaly ýarym agyr agramda 11 gezek guşagyny gorady, agyr agrama geçenden soň iki söweş geçirip, olary möhletinden ir tamamlady: 2023-nji ýylda Siril Gany ýeňip, erkin titula eýe boldy, 2024-nji ýylyň noýabrynda bolsa Stipe Mioçiçe garşy söweşde tituly gorady.
UFC-de Jons bilen wagtlaýyn çempion Tom Aspinallyň arasynda söweşe garaşylypdy, ýöne Jons şikes alyp, söweşe çykyp bilmedi. ESPN Jonsy Aspinall bilen söweşden ýüz öwrendigi üçin tituldan mahrum etmegi talap edýän onlaýn-haýyşnamanyň 200 müň töweregi gol ýygnandygyny belleýär.
Jons MMA taryhynda iň beýik söweşijileriň biri hasaplanýar we çempionlyk söweşlerinde gazanan ýeňişleriniň sany boýunça UFC-niň rekord eýesi bolup galýar – 16. Ol birnäçe agram kategoriýasynda UFC-niň titullaryny gazanan dokuz söweşijiniň biridir.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......