«Monako» Pol Pogba bilen gol çekişdi

  • 30.06.2025 08:36
  • 6.2k+

Fransiýanyň “Monako” futbol kluby 32 ýaşly ýarymgoragçy Pol Pogba bilen şertnama baglaşandygyny resmi web sahypasynda habar berdi. Şertnama 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenendir.

Pogba futbol karýerasyna Parižiň “Ruassi-an-Bri” we “Torsi” atly höwesjeňler klublarynda başlady. 2007-nji ýylda ol professional klub bolan “Gawra” geçip, şol ýerde iki ýyl oýnady. Soňra “Mançester Ýunaýtediň” futbolçysy boldy. “Ýunaýtediň” esasy düzüminde 7 oýna gatnaşdy.
2012-nji ýylda Pogba erkin agent hökmünde Italiýanyň “Ýuwentus” klubuna geçdi. “Ýuwentusyň” düzüminde ol dört gezek A Seriýasynyň çempiony, iki gezek Italiýanyň Kubogynyň ýeňijisi, üç gezek hem Superkubogyň eýesi boldy. 2015-nji ýylda UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalyna çykmagy başardy.
2016-njy ýylda Pogba “Mançester Ýunaýtede” gaýdyp geldi. Transferiň bahasy 105 million ýewro bolup, şol wagt bu ony dünýäniň iň gymmat futbolçysyna öwürdi. “Ýunaýtediň” düzüminde ol Angliýanyň Ligasy Kubogyny we UEFA-nyň Ýewropa ligasyny gazandy.
Fransiýanyň milli ýygyndysynda Pogba 2018-nji ýylyň dünýä çempiony, UEFA-nyň Milletler ligasynyň ýeňijisi we Ýewropanyň wise-çempiony boldy.
2024-nji ýylyň fewralynda doping ulanandygy üçin futbolçy oýunlardan dört ýyllyk çetleşdirilmä sezewar edilipdi, ýöne oktýabrda Sport arbitraž kazyýeti (CAS) bu jezany 18 aýa çenli azaltdy. Pogbanyň diskwalifikasiýa döwri mart aýynda tamamlady.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......