«Lion» futbol klubuny maliýe hasabatlylygyny bozandygy üçin 2-nji Liga düşürdiler

  • 25.06.2025 12:04
  • 6.9k+

Fransiýanyň Milli gözegçilik we dolandyryş direktoraty (DNCG) «Lion» futbol klubuny maliýe hasabatlarynda ýüze çykan düzgün bozmalary sebäpli 2-nji Liga düşürmek kararyna geldi. Bu barada Fransiýanyň Professional futbol ligasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

RMC Sport neşiriniň maglumatyna görä, DNCG-niň mejlisinde klubuň maliýe ýagdaýy jikme-jik seljerildi. «Lionyň» eýesi, amerikaly telekeçi Jon Tekstor ýygnaga hut özi gatnaşyp, kluby goramak üçin düşündiriş berdi. Emma onuň getirýän delilleri komissiýa agzalary üçin ýeterlik bolmady, netijede topary Ligadan düşürmek kararyna gelindi.
Şeýle-de bolsa, «Lionyň» bu karara şikaýat etmäge hukugy bardyr.
Soňky tamamlanan möwsümde «Lion» Fransiýanyň çempionatynda altynjy orny eýeläp, Ýewropa ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy. 1950-nji ýylda döredilen bu klub 1989-njy ýyldan bäri Fransiýanyň 1-nji Ligasynda hemişelik çykyş edip gelýär. Ol ýurdyň iň abraýly klublarynyň biri bolup, 7 gezek Fransiýanyň çempiony, 5 gezek ýurduň Kubogynyň eýesi, 1 gezek Fransiýanyň Liga kubogyny, we 8 gezek Superkubogy gazandy.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......