Ronaldu "Al-Nasr" bilen şertnamasyny 2027-nji ýyla çenli uzaltdy

  • 27.06.2025 10:22
  • 11k+

Kriştianu Ronaldu Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol kluby bilen şertnamasyny 2027-nji ýylyň tomsuna çenli uzaltdy. Bu barada toparyň resmi saýty habar berdi. 40 ýaşly portugaliýaly hüjümçiniň öňki şertnamasy 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanmalydy.

«Täze bap başlanýar. Şol bir hyjuw, şol bir arzuw. Geliň, taryhy bilelikde ýazalyň!» diýip, Ronaldu sosial sahypasynda ýazdy.

Ronaldu «Al-Nasr» toparyna 2023-nji ýylyň ýanwarynda goşuldy. Şu iki ýarym ýylyň dowamynda ol bu klubda 105 duşuşyga gatnaşyp, 93 gol geçirdi we 19 netijeli pas berdi. Kluby bilen gazanan ýeke-täk kubogy – resmi däl diýlip hasaplanýan Arap çempionlarynyň kubogy boldy.
Öňki şertnamasyna görä, Ronaldu ýylda 200 million ýewro gazanýardy. Şonuň üçin Saud Arabystanyndaky bu döwürde onuň girdejisi azyndan 500 million ýewro boldy, bu hem oňa dünýäniň iň ýokary hak alýan türgeni adyny getirdi.
Geçen möwsümde «Al-Nasr» Saud Arabystanynyň çempionatynda üçünji orny eýeledi, çempion bolan «Al-Ittihad» toparyndan 13 utuk yzda galdy. Patyşanyň Kubogynda topar 1/8 finalda «Al-Tawun» (0:1) toparyndan utulyp, ýaryşdan çykdy. Aziýanyň Çempionlar ligasynda bolsa, ýarym finala çenli baryp, ýapon kluby «Kawasaki Frontale» toparyndan 2:3 hasabynda ýeňildi.
Ronaldu resmi duşuşyklarda karýerasy boýunça iň köp gol geçiren futbolçydyr: 1281 oýunda 938 gol. Ol 1000 gol derejesine ýetmek üçin ýene 62 gol geçirmeli.


şu gün 10:24
1.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.7k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.3k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......