Türkmen karateçileri Bişkekde Merkezi Aziýanyň çempionatynda 12 medal gazandylar

  • 23.06.2025 01:08
  • 6.9k+

Türkmenistanly karateçiler Bişkek şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýanyň WKF karate boýunça 10-njy çempionatynda jemi 12 medal gazandylar. Bu barada Türkmenistanyň karate-do federasiýasy habar berdi.

Ýaryşa Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistandan gelen 609 türgen gatnaşýar. Medallar kadetleriň, ýetginjekleriň we ulularyň arasynda kýun (görkezme hereketleri) hem-de kumite (tutluşyk) boýunça baýrak ugrunda bäsleşilýär.
Ýaryşyň ilkinji güni türkmenistanly türgenler 7 medal eýelediler: 2 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç. Kýun görnüşinde altyn medallara Abdyresul Klyçew (12 ýaşa çenli oglanlar, 11-nji orta mekdep, Baýramaly, tälimçi S. Muhammetnazarow) we Allanur Ýalkabow (17 ýaşa çenli ýetginjekler, 52-nji orta mekdep, Aşgabat, tälimçi B. Ýalkabow) mynasyp boldular.

Kümüş medallary Öwezmyrat Sapadurdyýew (14 ýaşa çenli, Göktepe şäherindäki mekdep, tälimçi S. Setdarow) hem-de Dawut Saryýew (17 ýaşa çenli, 55-nji orta mekdep, Aşgabat, tälimçi B. Ýalkabow) gazandy. Dawut Saryýew ulular kategoriýasynda hem bürünç medal eýeläp, ikinji medala mynasyp boldy. Şeýle hem bürünç medallary Muhammetresul Haýrullaýew (14 ýaşa çenli, 18-nji orta mekdep, Baýramaly) we Rasul Atajanow (ulular, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby) aldy.

Ýaryşyň ikinji güni türkmen türgenleri ýene 5 medala — 1 altyn, 1 kümüş we 3 bürünç medala eýe boldular. Kumite görnüşinde kadetler arasynda (52 kg çenli agramda) Baýramaly şäherindäki Ýaş olimpiýaçylary taýýarlamak mekdebiniň türgeni Bogdan Kiselew (tälimçi A. Çaryýew) altyn medal gazandy.
Kümüş medaly Türkmenistanyň Prezidentiniň howpsuzlyk gullugynyň esgeri Resul Garataýew (21 ýaşa çenli, 55 kg çenli agramda, tälimçi N. Satlykgulyýew) eýeledi.

Kadetleriň arasynda kumitede bürünç medallary Nurgeldi Şamedow (Aşgabat, 38-nji orta mekdep, 52 kg çenli, tälimçi A. Çaryýew), Alymuhammet Kakalyýew (Aşgabat, ýöriteleşdirilen 61-nji orta mekdep, 57 kg çenli, tälimçi A. Çaryýew) we Garamämmet Garamämmedow (Türkmenistanyň döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, 60 kg çenli, tälimçi N. Satlykgulyýew) gazandylar.


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......