Türkmen türgenleri Wýetnamda Aziýanyň çempionatynda dört medal gaznadylar

  • 22.06.2025 17:38
  • 6.5k+

pälwanlary Wýetnamyň Wungtau şäherinde geçirilýän ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda (23 ýaşa çenli) dört medal gazandy.
Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça bir kümüş we iki bürünç medal eýelemegi başardylar. 79 kilograma çenli agram derejesinde Alp Arslan Begenjow kümüş, Watan Annaorazow (74 kg çenli) we Soltan Sanjar Begenjow (86 kg çenli) bürünç medallara mynasyp boldular.
Grek-rim göreşi boýunça Didar Orazberdiýew 72 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy.
Wungtauwda geçirilýän ýaryş 26-njy iýuna çenli dowam eder. Nobatdaky ýaryşlarda 17 ýaşa çenli türgenler dürli medallar ugrunda göreş düşekçesine çykarlar.

 

 

Türkmenistanyň erkin we grek-rim göreşi boýunça ýygyndy topary Wýetnamyň Wungtau şäherinde geçirilýän 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Netijede, türkmenistanly türgenler 1 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar.

Erkin göreş boýunça 79 kg agram derejesinde çykyş eden Alp Arslan Begenjow kümüş medala mynasyp boldy. Şeýle hem Watan Annaorazow (74 kg) we Soltan Sandjar Begenjow (86 kg) bürünç medallary gazandylar.
Grek-rim göreşi boýunça bolsa 72 kg agram derejesinde çykyş eden Didar Orazberdiýew bürünç medal aldy.
Wungtaudaky Aziýa çempionaty 26-njy iýunda tamamlanar. Şol wagt aralygynda 17 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky bäsleşikler hem geçiriler. Türkmenistanly ýaş türgenler bu ýaryşlarda hem baýraklar ugrunda göreşi dowam etdirip, ýurdumyza halkara giňişliginde mynasyp görnüşde wekilçilik ederler.


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......