“Barselona” Fati bilen täze şertnama baglaşyp, ony “Monako” kärendesine berdi

  • 03.07.2025 18:04
  • 6k+

Ansu Fati “Barselona” bilen şertnamasyny 2028-nji ýylyň tomsuna çenli uzaltdy. Bu barada katalon klubunyň resmi saýtynda habar berilýär. Täze şertnama gol çekilenden soň, 22 ýaşly hüjümçi “Monako” kärendesine berildi. Fransuz kluby oýunçyny bir möwsümlik aldy.

Žurnalist Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, klublaryň arasyndaky şertnamada satyn almak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulan. “Monako” oýunçyny 11 mln ýewro satyn alyp biler.
Ispaniýaly winger fransuz toparynyň tomusda alan üçünji täze oýunçysy boldy. Ozal bu topara goragçy Erik Daýer we ýarymgoragçy Pol Pogba goşuldy.
Fati “La Masiýanyň” ýetişdiren oýunçysydyr. Ol “Barselonanyň” esasy düzümi üçin ilkinji gezek 2019-njy ýylyň 25-nji awgustynda 16 ýaşynda çykyş etdi. Şol ýylyň 10-njy dekabrynda Çempionlar ligasynyň taryhynda iň ýaş gol awtory boldy. Ol “Intere” ýeňiş goluny geçirdi (2:1). Şol wagt ol 17 ýyl 40 gün ýaşyndady.
Umuman alanyňda, Fati “Barselona” üçin 123 oýna gatnaşyp, 29 gol geçirdi we 8 assist etdi. Onuň hasabynda Ispaniýanyň iki çempionlygy (2023, 2025), ýurduň iki Kubogy (2021, 2025) we iki Superkubogy (2023, 2025) bar.
2023/2024 möwsüminde futbolçy Angliýanyň “Braýton” klubunda kärendesinde bolup, 27 oýna gatnaşdy (4 gol, 1 assist). 2020-nji ýylda Ispaniýanyň milli ýygyndysy üçin ilkinji gezek oýnady. 2022-nji ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşdy we 2023-nji ýylda Milletler ligasynyň ýeňijisi boldy.


şu gün 15:58
2k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
2.3k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......