«Lion» FK 1-nji Ligadan düşürilensoň prezidentini üýtgetdi

  • 01.07.2025 18:26
  • 4.1k+

Geçen hepde «Lion» futbol kluby maliýe kynçylyklary sebäpli, Fransiýanyň 1-nji Ligasyndan ikinji diwiziona düşürildi. L'Équipe gazetiniň maglumatlaryna görä, klubuň bergisi 175 mln ýewro barabar.

Klubuň düşürilmegi baradaky karary Milli administratiw gözegçilik departamenti (DNCG) kabul etdi. Klub degişli karara garşy çykyp, ýokary ligada galmak ugrunda göreşmegi meýilleşdirýär.
Bu ýagdaýlaryň çäginde klubuň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler boldy. Jon Tekstor «Lionda» 2023-nji ýylyň maý aýyndan bäri eýeleýän prezident wezipesinden çekildi. Onuň Eagle Football Holdings kompaniýasy klubuň paýnamalarynyň 75%-den gowragyna eýeçilik edýär.
Täze prezident hökmünde Mişel Kang bellendi. Ol 2023-nji ýyldan bäri «Lion» klubunyň direktorlar geňeşiniň agzasy, indi bolsa Eagle Football Group kompaniýasynyň baş menejeri wezipesini ýerine ýetirýär.

Geçen möwsümde «Lion» Fransiýanyň çempionatynda altynjy orny eýeläp, Ýewropa ligasynda çykyş etmäge hukuk gazanypdy. Klub ýurduň ýedi gezek çempiony bolup, ähli titullaryny 2002-2008-nji ýyllar aralygynda gazandy.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......