Türkmenistanly bilýardçy Kadyrberdi Çalyýew halkara ýaryşda bürünç medal gazandy

  • 30.06.2025 19:16
  • 11k+

Türkmenistanly bilýardçy Kadyrberdi Çalyýew «Stawropol ülkesiniň gubernatorynyň kubogy» atly bilýard boýunça halkara Dünýä kubogy ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, erkekleriň arasynda bürünç medal gazandy. Ýaryş 23-30-njy iýun aralygynda Stawropolda geçirildi.

Ýaryş Halkara Piramida Konfederasiýasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Sport baradaky ministrliginiň, Russiýanyň Bilýard federasiýasynyň we Stawropol ülkesiniň Bilýard federasiýasynyň howandarlygynda guraldy.
Türkmen türgeni Kadyrberdi Çalyýew bilýardyň «Kombinirlenen piramida» görnüşinde ýokary derejeli oýun görkezip, ýaryşyň ýarym finalyna çykdy. Matç-TW telekanalynda göni ýaýlymda görkezilen ýarym final duşuşygynda aşgabatly bilýardçy Rostow boýundaky Don şäherinden bolan geljekki çempion Iosif Abramow bilen duşuşdy we garşydaşyndan 8:3 hasabynda ýeňildi. Ýeňilendigine garamazdan, Çalyýew öz ýarym final oýnunda ýeňilen moskwaly Andreý Şagaýew bilen bilelikde bürünç medala mynasyp boldy.
Türkmenistanyň ýygyndysyna bu ýaryşda Türkmenistanyň Bilýard federasiýasynyň başlygy Batyr Aşyrowyň ýolbaşçylygynda 12 türgen wekilçilik etdi.


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......