Lando Norris “Formula-1-iň” Awstriýanyň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy

  • 30.06.2025 11:22
  • 2.3k+

“Maklareniň” britaniýaly sürüjisi Lando Norris “Formula-1” çempionatynyň 11-nji tapgyry bolan Awstriýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Şpilbergde geçirildi.

Ikinji orny onuň topardaşy awstraliýaly Oskar Piastri eýeledi (2,695 sekunt yza galdy). Üçünji bolup pellehana “Ferrariden” Şarl Lekler geldi (+19,820).
Şeýle-de, ilkinji onluga girdi: 4. Lýuis Hemilton (+29,020, “Ferrari”), 5. Jorj Rassell (+62,396, “Mersedes”), 6. Liam Louson (+67,754, “Reýsing Bulls”), 7. Fernando Alonso (+1 aýlaw, “Aston Martin”), 8. Gabriel Bortoleto (+1 aýlaw, “Kik Zauber”), 9. Niko Hýulkenberg (+1 aýlaw, “Kik Zauber”), 10. Esteban Okon (+1 aýlaw, “Haas”).
Ýaryş “Uilýamsyň” ispaniýaly sürüjisi Karlos Saýnsyň ulagynda ýüze çykan meseleler sebäpli 15 minut giç başlady. Gyzdyryjy aýlawda ol hereket gutusyndaky näsazlyk sebäpli herekete başlap bilmedi, ulaga marşallar kömek etmeli boldy. Saýns aýlawy tamamlap, pit-leýne gaýdyp gelenden soň, onuň tormoz diskleri ot aldy. Mehanikler ody söndürdi we ulagy garaža saldy. Netijede, Saýns ýaryşa gatnaşyp bilmedi.
Ýaryşyň dowamynda “Red Bulluň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen bilen “Mersedesden” Kimi Antonelli çaknyşdy. Antonelli öňe geçmäge synanyşanda onuň tigirleri aýlanmagyny bes etdi, şondan soň ol Werstappeniň ulagyny kakdy. Ulaglaryň ikisine-de zeper ýetdi, şol sebäpli sürüjiler ýaryşy dowam etdirip bilmedi.
Indiki tapgyr – Beýik Britaniýanyň Gran-prisi 4 – 6-njy iýulda Silwerstounda geçiriler.


şu gün 07:51
1.4k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....