Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

  • 24.04.2026 21:44
  • 3.9k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi.

Taslamanyň tanyşdyrylyşy 24-nji aprelde Stambulda geçirildi. Çäräniň çäklerinde «Formula-1» bolidi Türkiýäniň megapolisiniň köçelerinden geçdi.

«Türkiýäniň Gran-prisiniň “Formula-1-iň” senenamasyna dolanmagy — bu Türkiýäniň höwesiniň we onuň sporta bolan ynamynyň ýeňşi. Azyndan geljek bäş ýylyň dowamynda Istanbul Park ýolunda geçiriljek ýaryşlar Stambulyň dünýädäki ornuny berkider we ýurdumyzyň sebitde ygtybarly mekandygyny görkezer» – diýip, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan belledi.

Çempionatyň tapgyrlary mundan ozal 2005–2011-nji ýyllarda, şeýle hem 2020-nji we 2021-nji ýyllarda Istanbul Park ýolunda geçirilipdi.

Ýaryşyň dolanmagynyň Türkiýä dünýäniň öňdebaryjy pilotlaryny we köp sanly janköýerleri çekmegine garaşylýar. Guramaçylaryň baha bermegine görä, bu ýagdaý Stambulyň syýahatçylyk taýdan özüne çekijiligini ýokarlandyrar we onuň halkara sport hem-de medeniýet merkezi hökmündäki statusyny berkider.


25.05.2026 23:07
9.1k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 14:50
5.9k+

Türkmenistan 42 medal bilen jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda birinji orny eýeledi

Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen kontakt jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda 42 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda birinji ýeri eýeledi....

10.05.2026 18:36
5k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....