«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

  • 10.05.2026 18:36
  • 5.1k+

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy.

Topar Superliganyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda, öz meýdançasynda «Antalýaspory» 4:2 hasabynda utup, bäsdeşleri üçin elýetmez boldy.

Ýer eýeleriniň düzüminde Wiktor Osimhen dubl etdi (gollaryň birini penaltiden geçirdi), şeýle hem Mario Lemina we Kaan Aýhan tapawutlandy. «Antalýasporyň» gollarynyň ikisini-de Soner Dikmen öz hasabyna ýazdy.

Bu üstünlik arkaly «Galatasaraý» 77 utuk toplady we iň ýakyn bäsdeşi «Fenerbahçeden» 4 utuk öňe saýlanyp, çempionlygy wagtyndan öň kepillendirdi.

Bu ýeňiş klub üçin yzygider gazanylan dördünji çempionlyk boldy. «Galatasaraý» ýurduň birinjiliginde gazanylan ýeňişleriň sany boýunça liderligini saklap gelýär (26 titul). Taryhy sanawda 19 titul bilen «Fenerbahçe» ikinji, 16 ýeňiş bilen bolsa «Beşiktaş» üçünji ýerde durýar.


şu gün 17:07
5.5k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

şu gün 16:24
3.5k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

şu gün 12:33
3.3k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

düýn 18:20
4.1k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....