UFC 317: Topuriýa bilen Oliweýranyň titul söweşini nirede we haçan görüp bolar?

  • 28.06.2025 17:03
  • 11k+

29-njy iýunda irden Las-Wegas şäherinde (ABŞ) UFC 317 turniri geçiriler. Turniriň esasy çäresi Ispaniýadan gruziýaly pälwan Iliýa Topuriýa bilen braziliýaly Çarlz Oliweýranyň arasynda ýeňil agram (70,3 kg-a çenli) boýunça boş galan çempionlyk titulynyň ugrundaky uruş bolar.

UFC-niň ýeňil agramdaky tituly rus pälwan Islam Mahaçew guşakdan ýüz öwrüp, orta agram toparyna geçensoň boş galypdy.
Bu uruş esasy kardyň jemleýji duşuşygy bolar we ol göni ýaýlymda «Matç TW» hem-de «Matç Boýets» telekanallarynda görkeziler. Göni ýaýlym 29-njy iýunda, Aşgabat wagty bilen irden sagat 08:00-da başlar.
UFC-niň öňki ýarym ýeňil agram çempiony Topuriýa soňky urşunda amerikaly Maks Holloueýi üçünji raundda nokaut bilen ýeňipdi. Oliweýra bolsa 2024-nji ýylyň noýabrynda braziliýaly watandaşy Maýkl Çendleri eminleriň biragyzdan kabul eden karary bilen ýeňipdi.

Turniriň beýleki bir esasy urşy UFC-niň iň ýeňil agram (57 kg-a çenli) boýunça häzirki çempiony braziliýaly Aleşandre Pantoža bilen Täze Zelandiýadan Kaý Kara-Franyňs arasyndaky gapma-garşylyk bolar.
Turnir bilen baglanyşykly geçirilen metbugat ýygnagynda UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýt amerikaly Brendon Roýwal bilen Joşua Wanyň arasyndaky urşuň ýeňijisiniň şu agramdaky nobatdaky titula dalaşgär boljakdygyny mälim etdi.
35 ýaşly Pantoža 2023-nji ýylyň iýul aýyndan bäri iň ýeňil agramdaky titula eýeçilik edip gelýär.
Ine, Las-Wegasda geçiriljek UFC 317 turniriniň doly söweş sanawy:

Deslapky kard:

  • Terrens Makkinni (16-7) — Wýaçeslaw Borşýow (8-5-1)
  • Wiwýen Araujo (13-6) — Treýsi Kortez (11-2)
  • Haýder Emil (11-0) — Hose Delgado (9-1)
  • Jek Hermansson (24-8) — Gregori Rodriges (16-6)

Esasy kard:

  • Peýton Telbott (9-1) — Felipe Lima (14-1)
  • Renato Karneýro (20-6-1) — Beneil Dariuş (22-6-1)
  • Brendon Roýwal (17-7) — Joşua Wan (14-2)
  • Aleşandre Pantoža (29-5) — Kaý Kara-Frans (25-11)
  • Iliýa Topuriýa (16-0) — Çarlz Oliweýra (35-10)

07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......