Alkaras Londondaky ATP 500 ýaryşynda 21-nji titulyny gazandy

  • 23.06.2025 13:50
  • 2.2k+

Dünýäniň ikinji raketkasy ispaniýaly Karlos Alkaras Londonda geçirilen ATP 500 ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda reýtingiň 30-njy ornuny eýeleýän çehiýaly Irži Legeçkany utdy. Oýun 7:5, 6:7 (5:7), 6:2 hasabynda tamamlandy.

22 ýaşly Alkaras üçin  bu häzirki möwsümde bäşinji we professional karýerasynda 21-nji tituly boldy. Onuň üçin bu Londonda eýýäm ikinji ýeňşidir – ilkinji gezek türgen bu ýerde 2023-nji ýylda ýeňiş gazandy.
Alkaras otly kortlarda geçirilen ýaryşlaryň azyndan dördüsinde ýeňiji bolan bäşinji tennisçi boldy. Ozal bu üstünlige Nowak Jokowiç (8 titul), Matteo Berrettini (4), Teýlor Frits (4) we Nikolýa Maýu (4) ýetdi.
Londondaky ýeňiş Alkarasyň ýeňişli tapgyryny 18 oýna çenli uzaltdy – bu onuň karýerasynda iň gowy netijedir.
Ol bu üstünligi netijesinde dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinnerden aratapawudyny 1130 utuga çenli azaltdy. 


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......