2.7k+

«Çirkin ses 7» franşizanyň iň girdejili filmi boldy

«Çirkin ses 7» (Крик 7) sleşer filmi dünýä prokatynda 176,9 million dollar girdeji gazanyp, bu meşhur franşizanyň taryhynda iň köp peýda getiren taslama boldy. Mundan ozalky rekord 1996-njy ýylda çykan we 173 million dollar (inflýasiýany hasaba almazdan) girdeji gazanan birinji bölüme degişlidi...

2k+

«Bökegenler» multfilmi 160 million dollar gazanyp, prokatyň lideri boldy

Ikinji dynç günleriniň netijeleri boýunça, «Bökegenler» (Прыгуны) multfilminiň ABŞ-daky girdejisi 86 million dollara ýetdi. Animasion film eýýäm bassyr ikinji hepde amerikan prokatynyň lideri bolmagynda galýar we «Ol barada ýatlatma» (Напоминание о нём) atly dramany yzda galdyrýar...

3.5k+

«Galkynyş» topary Bakuwyň «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda çykyş etdi

Baku şäherindäki «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň artistleriniň çykyşy boldy. Täsirli çykyşlary görkezmäge Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň artistleri hem gatnaşdy...

9.4k+

Hytaýly maldar ördeginiň aşgazanyndan altyn tapdy

Hytaýly maldar öz bakýan ördeginiň aşgazanyndan takmynan on gram altyn tapdy. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär. Waka Hunan welaýatynda ýüze çykýar. Lýu familiýaly kişi öz ördeklerini derýanyň golaýyndaky ozal altyn gazlyp alnan açyk meýdanda bakýan ekeni...

648

Spotify ulanyjylara öz saz isleglerini sazlamaga mümkinçilik berer

Spotify ulanyjylaryň şahsy maslahatlarynyň emele geliş tertibini dolandyrmaga mümkinçilik berjek täze funksiýany yglan etdi. Goşundyda ähli diňlenen maglumatlar — sazlar, podkastlar we audiokitaplar baradaky maglumatlary saklaýan aýratyn bölüm peýda bolar...

2.9k+

«The Pussycat Dolls» topary trio görnüşinde sahna gaýdyp geldi

Meşhur «The Pussycat Dolls» topary Nikol Şerzinger, Kimberli Waýatt we Eşli Robertsden ybarat trio görnüşinde gaýtadan sahna dolanýandyklaryny yglan etdiler. Bu dolanyş gyzlar toparynyň täze «Club Song» atly aýdymy we dünýä boýunça konsert syýahaty bilen utgaşdyrylar...

3.1k+

Jessi Bakli iň gowy zenan keşbi üçin «Oskar» alan ilkinji irlandiýaly aktrisa boldy

Aktrisa Jessi Bakli «Hamnet: Gamlete ylham beren hekaýat» filmindäki roly üçin «Iň gowy zenan keşbi» kategoriýasynda «Oskar» baýragyna mynasyp boldy. Amerikan kino sungaty we ylymlar akademiýasynyň baýragynyň 98-nji gowşurylyş dabarasy 16-njy martda ir säher bilen (Aşgabat wagty boýunça) Los-Anjelesde geçirildi...

1.5k+

Spilberg öz filmlerinde hiç wagt emeli aň ulanmandygyny aýtdy

«Režissýor hem prodýuser Stiwen Spilberg öz filmlerini döretmekde hiç wagt EA tehnologiýalaryna ýüz tutmandyr. Ol bu barada Ostin şäherinde geçirilen «SXSW» maslahatynda mälim etdi» diýip, TechCrunch neşiri habar berýär...

5k+

Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat — 2026» atly XXV halkara sergi we maslahat geçiriler

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan «Ak şäherim Aşgabat — 2026» atly XXV halkara sergini we maslahaty kabul etmäge taýýarlyk görýär. 2026-njy ýylyň 24–25-nji maýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu forum ýurduň şäher gurluşyk syýasatynda gazanan üstünliklerini, binagärlik keşbini we tehnologik ösüşlerini görkezmäge niýetlenendir...

7k+

Türkiýede ilat has çalt garraýar: garrylaryň sany 9,5 mln adamdan geçdi

Türkiýede 65 we ondan uly ýaşly adamlar indi ilatyň 11,1%-ini düzýär. «Turkstat-yň» berýän maglumatlaryna görä, bu görkeziji 2020-nji ýyldaky 9,5% bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarlandy. Türkiýe garry ilatyň paýy boýunça dünýäniň 194 ýurdunyň arasynda 75-nji orunda durýar...

7.4k+

Tanymal köçe suratkeşi Benksiniň hakyky ady anyklandy

Dünýäniň iň tanymal, şol bir wagtyň özünde-de nätanyş köçe suratkeşi Benksiniň hakyky adynyň Dewid Jonsdygy anyklandy. Şeýle netijä Reuters agentliginiň žurnalistleri geçiren derňewleriniň netijesinde geldi. Benksiniň şahsyýetini anyklamak boýunça ilkinji synanyşyk 2008-nji ýylda edilipdi...

1.6k+

WhatsApp 13 ýaşdan kiçiler üçin ene-ata gözegçiligi astyndaky akkauntlary girizer

WhatsApp messenjerinde 13 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin ýörite hasaplar (akkauntlar) peýda bolar. Şeýle profiller ene-atalar tarapyndan dörediler we dolandyrylar. Bu barada Meta kompaniýasy habar berdi. «DW» neşiriniň maglumatyna görä, täze funksiýa «maşgalalar we hünärmenler bilen hyzmatdaşlykda» işlenip düzüldi...

14k+

Müň aýdan hem haýyrly gije – Gadyr gijesi

Gadyr gijesi şu ýyl 16-njy marta geçilýän gijä gabat gelýär. Käbir alymlaryň pikirine görä, bu gije diňe bir Remezan aýynyň däl, eýsem, ýylyň hem iň ähmiýetli gijeleriniň biri hökmünde görülýär. Kurany-kerimde: “Gadyr gijesi müň aýdan hem haýyrlydyr” diýilmegi, bu gijäniň gadyr-mertebesiniň uludygyny görkezýär...

8.4k+

Gazagystanly mugallym iki barmakda asylyp durmak boýunça rekord goýdy

Gazagystanyň Petropawlowsk şäherinden bedenterbiýe mugallymy Anatoliý Wiselskiý diňe iki barmagynda 2 minut 7,45 sekunt asylyp durmak arkaly dünýä rekordyny täzeledi. Tengri Sport neşiriniň habar bermegine görä, bu ajaýyp netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi...

2.7k+

Italiýa 30 million ýewro Karawajonyň eserini satyn aldy. Onda kimiň keşbi bar?

Italiýa döwleti XVII asyryň meşhur suratkeşi Karawajonyň (Mikelanjelo Merizi) galamyndan çykan «Monsinýor Maffeo Barberininiň portreti» atly eserini 30 million ýewro satyn aldy. Takmynan 1598-nji ýylda çekilen bu polotno, hünärmenleriň pikiriçe, ýurduň aýry-aýry sungat eserine eden iň uly maýa goýumlarynyň biri boldy...

1.1k+

Netflix «Keý-pop arwah awçylary» multfilminiň dowamyny düşürer

«Keý-pop arwah awçylary» (Кей-поп-охотницы на демонов) atly meşhur multfilmiň dowamy surata düşüriler. Bu barada Netflix striming platformasynyň we Sony studiýasynyň metbugat gullugy habar berdi. Multfilmiň dowamynyň 2029-njy ýylda çykmagyna garaşylýar...

1.2k+

Smilýan Radiç Klark 2026-njy ýylyň Pritzker binagärlik baýragynyň eýesi boldy

Çilili Smilýan Radiç Klark 2026-njy ýylyň Pritzker binagärlik baýragynyň eýesi diýlip yglan edildi. Bu barada baýragyň resmi web sahypasynda habar berilýär. Köplenç binagärlik ugry boýunça Nobel baýragyna deňelýän bu baýraga Santýagoda ýaşaýan ussat binagär "ümsüm emosional manylylygy we ynsan tejribesine üns berýänligi" bilen tapawutlanýan taslamalary üçin mynasyp görüldi...

15k+

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberer

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow goňşy Eýrana ynsanperwerlik kömegini ibermek hakyndaky Buýruga gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Yslam Respublikasyna iberiljek ynsanperwerlik ýüki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ugradylar...