Spilberg öz filmlerinde hiç wagt emeli aň ulanmandygyny aýtdy

  • 15.03.2026 22:38
  • 1.5k+

«Režissýor hem prodýuser Stiwen Spilberg öz filmlerini döretmekde hiç wagt EA tehnologiýalaryna ýüz tutmandyr. Ol bu barada Ostin şäherinde geçirilen «SXSW» maslahatynda mälim etdi» diýip, TechCrunch neşiri habar berýär.

Maslahatda režissýoryň kino önümçiliginde emeli aňyň orny baradaky sowala: «Men öz filmlerimiň hiç birinde emeli aňy ulanmadym» diýip jogap bermegi, zaldaky diňleýjileriň şowhunly el çarpyşmalaryna sebäp boldy. 

Şeýle-de bolsa Spilberg, umuman alanyňda, tehnologiýalara garşy däldigini belleýär. Onuň «Aýratyn pikir» («Особое мнение»), «Birinji oýunçy, taýýarlanmaly» («Первому игроку приготовиться») we «Emeli paýhas» («Искусственный разум») ýaly filmlerinde hem tehnologik ösüşiň jemgyýete ýetirýän täsiri hakynda mesele gozgalýar.

Režissýoryň sözlerine görä, ol köp pudaklarda emeli aňyň ulanylmagyny goldaýar, emma döredijilik işinde adamlaryň ornuny maşynlar bilen çalyşmaga taýýar däl. Spilberg öz ssenariýa ýazýan otagynda «noutbuk goýlan boş oturgyjyň ýokdugyny» aýdyp, täze pikirleriň döredilmegine awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň gatnaşyp bilmejekdigini ýaňzytdy.

Ýöne Spilbergiň bu garaýşyna seretmezden, emeli aň tehnologiýalary kino önümçiligine barha işjeň ornaşýar. Startaplar býujeti çäkli bolan garaşsyz režissýorlar üçin ýörite gurallary hödürleýärler, iri striming kompaniýalary bolsa şeýle çözgütleri eýýäm öz işlerinde dowamly ulanmaga başladylar.

Muňa mysal edip, Amazon kompaniýasynyň film we serial önümçiligi üçin emeli aň gurallaryny synagdan geçirip başlamagyny, Netflix-iň bolsa, Ben Afflegiň EA arkaly kino düşürmäge niýetlenen kompaniýasyny satyn almagyny aýdyp bolar.


düýn 23:54
746

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....