ÝB ýurtlarynda çaga dogluşy soňky 60 ýylda iň pes derejä düşdi

  • 16.03.2026 19:40
  • 6.3k+

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda 2024-nji ýylda çaga dogluşynyň umumy koeffisienti her aýal üçin 1,34 çaga deň boldy — bu soňky alty onýyllygyň içinde iň pes görkezijidir. Deňeşdirmek üçin, 1964-nji ýylda bu görkeziji 2,62-ä deňdi. Bu barada «Euronews Health» neşiri «Ýewrostatyň» maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

ÝB-de dogluş görkezijileri Maltada her aýala 1,01 çagadan, Bolgariýada 1,72 çaga çenli aralykda üýtgeýär. Ýewropanyň ähli ýurtlarynda bu dereje ilat sanyny saklamak üçin zerur bolan görkezijiden (her aýala 2,1 çaga) pes bolmagynda galýar.

Ýewropada iň ýokary görkezijiler Çernogoriýada (1,75), Bolgariýada (1,72), Gruziýada (1,69), Albaniýada we Serbiýada (her biri 1,64) hasaba alyndy.

Ýewropanyň iň iri ykdysadyýetli ýurtlarynyň arasynda iň ýokary görkeziji Fransiýada — 1,61. Ondan soňra Beýik Britaniýa (2023-nji ýylyň maglumatlaryna görä 1,56; 2024-nji ýylyň çaklamalaryna görä, görkeziji pes bolup biler) we Germaniýa (1,36) gelýär. Angliýada we Uelsde bu koeffisient 1,41-e deňdir.

Demirgazyk Ýewropada Islandiýa (1,56) öňde barýar. Onuň yzyndan Daniýa (1,47), Norwegiýa (1,45) we Şwesiýa (1,43) gelýär. Finlýandiýada bolsa görkeziji 1,25-e çenli peseldi.

Soňky on ýylyň dowamynda ÝB-de dogluş derejesi 1,54-den 1,34-e düşdi. Has uly peselme Türkiýede (32% azalma) hasaba alyndy. Birnäçe ýurtlarda peselme 0,35 punktdan geçdi: Finlýandiýa we Litwa (her biri 0,46), Şwesiýa (0,45), Irlandiýa (0,42), Latwiýa (0,41), Fransiýa (0,39), Islandiýa we Malta (her biri 0,37), Estoniýa (0,36).

Bilermenler dogluş derejesiniň peselmegini birnäçe faktorlar bilen baglanyşdyrýar. Olaryň arasynda çaga terbiýelemek üçin bildirilýän talaplaryň artmagy, birinji çaganyň has giç dünýä inmegi, iş we maşgala durmuşyny utgaşdyrmagyň kynçylyklary, şeýle hem çagasyz ýaşamagy saýlap alýanlaryň sanynyň köpelmegi bar.


07.06.2026 10:04
7.7k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

07.06.2026 10:00
3.8k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

02.06.2026 11:16
2.3k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......