«Bökegenler» multfilmi 160 million dollar gazanyp, prokatyň lideri boldy

  • 16.03.2026 17:13
  • 2k+

Ikinji dynç günleriniň netijeleri boýunça, «Bökegenler» (Прыгуны) multfilminiň ABŞ-daky girdejisi 86 million dollara ýetdi. Animasion film eýýäm bassyr ikinji hepde amerikan prokatynyň lideri bolmagynda galýar we «Ol barada ýatlatma» (Напоминание о нём) atly dramany yzda galdyrýar.

Dünýä boýunça multfilmiň gazanan girdejisi 164,7 million dollara deň boldy. «Bökegenler» eýýäm «Pixar» studiýasynyň «Kokonyň syry» (Тайны Коко) filminden bäri iň gowy başlangyç görkezen özboluşly animasion taslamasy boldy. Emma multfilmiň 150 million dollarlyk býujetini göz öňünde tutsaň, çykdajylary ödemek üçin ol entek prokatda uzak wagtlap saklanmaly bolar.

«Bökegenler» multfilmi 4-nji martda dünýä prokatyna çykdy. Film haýwanlary gowy görýän bir alym zenan barada gürrüň berýär. Ol öz aňyny robot-samyra geçirýän tehnologiýany döredýär. Haýwanjyga öwrülen alym, haýwanlaryň ýaşaýyş gurşawyny öwrenmek we olar bilen umumy dil tapyşmak üçin ýabany tebigata ugraýar.


düýn 23:54
746

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....