Pink Floyd toparynyň agzasy Dewid Gilmoryň gitarasy 14,6 million dollara satyldy

  • 16.03.2026 10:40
  • 623

Pink Floyd toparynyň meşhur sazandasy Dewid Gilmora degişli bolan «Fender Stratocaster» gitarasy Christie’s auksionynda rekord derejeli baha — 14,6 million dollara satyldy. Bu barada Rolling Stone neşiri habar berýär.

Satyjy öz adyny gizlin saklaýar. Bu uly söwda satuw başlanyna ýaňy bir 21 minut geçenden soň amala aşyryldy. Gitaranyň jemleýji bahasy garaşylýandan has ýokary boldy. Aslynda hünärmenler saz gurala 2–3 million dollar baha kesipdiler.

Bu söwdadan soň, Dewid Gilmoryň gitarasy dünýä taryhyndaky iň gymmat bahaly saz guraly diýlip ykrar edildi. Mundan öňki rekord Nirvana toparynyň aýdymçysy Kurt Kobeýniň 1959-njy ýylda çykarylan «Martin D-18E» akustik gitarasyna degişlidi. Gitara  2020-nji ýylda 6 million dollara satylypdy.

Gilmor özüniň meşhur «Fender Stratocaster» gitarasyny Pink Floyd toparynyň  «The Dark Side of the Moon» (1973), «Wish You Were Here» (1975), «Animals» (1977), «The Wall» (1979) ýaly iň ýörgünli albomlarynyň ýazgylarynda ulandy. Şeýle-de bu saz guralynda aýratynlykda «Money», «Shine On You Crazy Diamond» aýdymlary we «Comfortably Numb» kompozisiýasynyň dünýä belli solosy ýazgy edildi.

Meşhur sazanda öz gitarasyny haýyr-sahawat maksady bilen satuwa çykardy. «Gitaralar meniň iň ýakyn dostlarymdy. Men mundan beýläk olaryň başgalara-da peýda bermegini isleýärin. Galyberse-de, Fender bu gitaranyň meňzeş nusgalaryny-da çykardy. Mende-de şolardan ýene iki-üç sany has gowy görnüşi bar. Kim bilýär, geljekde şol gitaralaryň biriniň reňkini üýtgedip, öz guralym edinäýmegimem ahmal» diýip, Gilmor oýny çyna garyp, gürrüň berýär.


düýn 10:37
7.7k+

Şakira Ispaniýanyň hökümeti bilen salgyt dawasynda ýeňiş gazandy: kazyýet aýdymça €60 milliony yzyna gaýtarmagy borçly etdi

Ispaniýanyň kazyýeti salgyt işi boýunça aýdymçy Şakiranyň peýdasyna çözgüt çykardy we hökümeti aýdymça 60 million ýewro tölemäge borçly etdi diýip, "Rolling Stones" habar berýär....

21.05.2026 13:01
8k+

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Keti Perri, Future, Lisa we J Balvin çykyş eder

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň guramaçylary ABŞ-da boljak dabara gatnaşjak artistleriň resmi sanawyny yglan etdiler. Kaliforniýadaky dabaranyň esasy ýyldyzlary Keti Perri (Katy......

18.05.2026 22:01
6.4k+

Kanýe West awtorlyk hukugy boýunça kazyýetde utuldy: indi ol öwezpuluny tölemeli bolar

Meşhur repçi Kanýe West awtorlyk hukuklaryny bozandygy baradaky kazyýet işinde ýeňildi diýip, The Guardian neşiri habar berdi....

17.05.2026 14:15
6k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....