Türkmenistanyň Prezidenti Belgradda geçiriljek «EKSPO – 2027» sergisine gatnaşmak baradaky teklipleri makullady

  • 14.03.2026 00:01
  • 4.9k+

Türkmenistan Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO – 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmaga işjeň taýýarlyk görýär. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýew «Oýun adamzat üçin: Sport we saz hemmeler üçin» mowzugy astynda geçiriljek bu çärä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Ol Türkmenistanyň halkara sergisinde «Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany» diýen şygar bilen çykyş etjekdigini aýtdy.

Häzirki wagtda milli pawilýonyň gurluşyk-gurnama, enjamlaşdyryş we bezeg işleri boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, giň gerimli halkara forumlaryna yzygiderli gatnaşmagyň dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýändigini belledi. Döwlet Baştutany bellenilen sergä ýurduň ýokary derejede gatnaşmagy bilen bagly hödürlenen teklipleri makullady hem-de wise-premýere bu taslamany amala aşyrmak ugrundaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......