«Altyn malina» anti-baýragy 2025-nji ýylyň iň erbet filmlerini we aktýorlaryny belli etdi

  • 16.03.2026 00:16
  • 2.8k+

«Altyn malina» anti-baýragynyň guramaçylary 2025-nji ýylda amerikan kinosyndaky iň şowsuz işleriň ýeňijilerini yglan etdi. Iň köp baýragy baş keşbi Aýs Kýubyň ýerine ýetirmeginde «Dünýäleriň urşy» (Война миров) ylmy-fantastiki filmi aldy.

Bu film Gerbert Uellsiň romanynyň erkin ekranlaşdyrylan görnüşidir. Film «skrinlaýf» formatynda düşürilip, onda wakalar kompýuterleriň we smartfonlaryň ekranynda bolup geçýär. Kino tomaşaçylar we tankytçylar tarapyndan örän pes baha aldy — Rotten Tomatoes saýtynda onuň reýtingi bary-ýogy 3%-e deň boldy.

Film jemi bäş sany anti-baýragy: iň erbet film, iň erbet aktýor, iň erbet režissýor, iň erbet ssenariý hem-de iň erbet remeýk ýa-da plagiat üçin baýraklary aldy. Bellemeli zat, býujeti 10 million dollar töweregi bolan bu film giň prokata çykarylmady we göni Prime Video striming hyzmatynda ýaýradyldy.

Iň erbet zenan keşbi ugrundaky baýragy «Içalylar toýy» (Шпионская свадьба) filmindäki keşbi üçin Rebel Uilson aldy.

Keýt Hadson bolsa «Olaryň arzuwynyň sazy» dramasyndaky keşbi üçin ýörite «Redemption» baýragyna mynasyp boldy. Bu ýörite baýrak aktrisanyň «abraýynyň dikeldilmegini» aňladýar: ol ozal, 2021-nji ýylda «Mýuzik» filmi üçin «Altyn malina» alypdy.

«Altyn malina — 2026» anti-baýragynyň netijeleri:

  • Iň erbet film — «Dünýäleriň urşy»
  • Iň erbet režissýor — Riç Li («Dünýäleriň urşy»)
  • Iň erbet ssenariý — «Dünýäleriň urşy» (Mark Haýmen, Kenni Goldi)
  • Iň erbet aktýor — Aýs Kýub («Dünýäleriň urşy»)
  • Iň erbet ikinji derejeli aktýor — «Garpamykdaky» ýedi sany girdenegiň hemmesi
  • Iň erbet aktrisa — Rebel Uilson («Içalylar toýy»)
  • Iň erbet ikinji derejeli aktrisa — Skarlet Rouz Stallone («Mergenler» / Стрелки)
  • Ekranda iň erbet kombinasiýa — «Garpamykdaky» ýedi sany girdenegiň hemmesi
  • Iň erbet prikwel, sikwel, remeýk ýa-da plagiat — «Dünýäleriň urşy»
  • «Redemption» (Günäniň geçilmegi) baýragy — Keýt Hadson («Olaryň arzuwynyň sazy»)

«Altyn malina» anti-baýragy 1980-nji ýylda amerikan publisisti Jon Uilson tarapyndan esaslandyryldy. Baýraklar, adatça, «Oskaryň» gowşurylyş dabarasynyň öňüsyrasynda yglan edilýär. 2026-njy ýylda bu dabara 16-njy marta geçilýän gije bolar.


düýn 23:54
746

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....