Türkmenistanda Nowruz baýramy giň gerimli medeni-köpçülikleýin çäreler bilen utgaşar

  • 14.03.2026 00:02
  • 5.5k+

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary derejede dabaralandyrmak boýunça görülýän taýýarlyk işlerine üns berildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi.

Wise-premýer B.Seýidowa esasy baýramçylyk dabaralarynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» geçiriljekdigi barada hasabat berdi. Baýramçylyk dabarasy Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň eserleriniň, şeýle hem bu baýram bilen baglanyşykly milli däp-dessurlaryň esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen badalga alar.

Dabaralaryň çäginde döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna, türkmen halkynyň ekerançylyk, maldarçylyk, bagbançylyk we senetçilik däplerini şöhlelendirýän çykyşlara hem-de sahnalaşdyrylan oýunlara uly orun berler. Maşgala däp-dessurlarynyň görkezilmegine we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertine aýratyn üns berler.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp we hödürlenen tekliplere garap, wise-premýere ähli meýilleşdirilen çäreleriň düýpli taýýarlanylmagyny we olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......