Hytaýly maldar ördeginiň aşgazanyndan altyn tapdy

  • 16.03.2026 16:34
  • 9.4k+

Hytaýly maldar öz bakýan ördeginiň aşgazanyndan takmynan on gram altyn tapdy. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär.

Waka Hunan welaýatynda ýüze çykýar. Lýu familiýaly kişi öz ördeklerini derýanyň golaýyndaky ozal altyn gazlyp alnan açyk meýdanda bakýan ekeni. Haçan-da ol ördekleriniň birini soýup, ony arassalap başlanda, guşuň aşgazanyndan ownuk sary reňkli daşjagazlary tapýar. Tapyndynyň nämedigini özi anyklap bilmän, ýörite barlaga iberýär.

Hünärmenler bu tapyndynyň hakyky altyndygyny tassyklaýarlar. Altynyň bahasy takmynan 12 müň ýuana, ýagny 1750 dollara golaý diýlip kesgitlenildi.

Ekspertler çaklaýşy ýaly, ördek derýanyň palçygy bilen bilelikde altyn bölejiklerini hem ýuwdan bolmaly. Metalyň aşgazanda dargaýan häsiýeti bolmansoň, adatça guşlara zyýan bermän, tebigy ýol bilen yzyna çykýar. Emma has uly bölekler guşuň içegesinde dykylmalara sebäp bolup bilýär.

Maldaryň kakasy täze ýylyň öňüsyrasyndaky bu täsin tapyndyny geljek gowulygyň we şowlulygyň nyşany diýip hasaplaýar.


28.05.2026 21:19
3.9k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

27.05.2026 10:41
3k+

Hytaýda garry adamlaryň sany ilkinji gezek çagalaryň sanyndan geçdi

Hytaýda 65 ýaşdan uly bolan ýaşaýjylaryň sany 1949-njy ýylda demografik statistika ýöredilip başlanany bäri ilkinji gezek 14 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň sanyndan geçdi. Bu barada «South China Morning Post»......

22.05.2026 14:33
6.2k+

Hytaý dünýä çempionatyny görkezmek hukugyny FIFA-nyň isläninden 5 esse arzan satyn aldy

Hytaý döwlet teleradiokompaniýasy (CCTV) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny ýaýlyma bermek barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bilen ylalaşyk gazandy. «Hong Kong 01» neşiriniň CCTV-niň......

10.05.2026 13:00
12k+

2022-nji ýylda Hytaýda Boeing 737 uçarynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi belli boldy

ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi (NTSB) 2022-nji ýylyň 21-nji martynda heläkçilige uçran China Eastern Airlines awiakompaniýasynyň Boeing 737-800 uçarynyň bort ýazgy ediji enjamynyň (gara......