«The Pussycat Dolls» topary trio görnüşinde sahna gaýdyp geldi

  • 16.03.2026 16:18
  • 2.9k+

Meşhur «The Pussycat Dolls» topary Nikol Şerzinger, Kimberli Waýatt we Eşli Robertsden ybarat trio görnüşinde gaýtadan sahna dolanýandyklaryny yglan etdiler. Bu dolanyş gyzlar toparynyň täze «Club Song» atly aýdymy we dünýä boýunça konsert syýahaty bilen utgaşdyrylar.

«Club Song» – toparyň 2020-nji ýyldaky «React» atly trekden soň çykaran ilkinji aýdymydyr. Eseriň prodýuseri Maýk Sabat, sözlerini bolsa Nikol Şerzinger norwegiýaly aýdymçy Kerolaýn Aýlin we koreýaly Solli bilen bilelikde ýazdy. Şeýle hem topar özüniň meşhur «PCD» we «Doll Domination» atly albomlaryny täzeden çykarar.

«PCD Forever» atly syýahatyň çäginde jemi 53 sany konsertiň bolmagyna garaşylýar. Käbir çykyşlarda gyzlara meşhur reperler Lil' Kim we Mýa hem goşular.

Ilkinji konsert 5-nji iýunda Kaliforniýada bolar. ABŞ-daky çykyşlar 1-nji awgustda Dallasda tamamlanar. Konsert syýahaty Ýewropa boýuça  9-njy sentýabrda Kopengagende başlap, 13-nji oktýabrda Londonda jemlener.


düýn 10:37
8.1k+

Şakira Ispaniýanyň hökümeti bilen salgyt dawasynda ýeňiş gazandy: kazyýet aýdymça €60 milliony yzyna gaýtarmagy borçly etdi

Ispaniýanyň kazyýeti salgyt işi boýunça aýdymçy Şakiranyň peýdasyna çözgüt çykardy we hökümeti aýdymça 60 million ýewro tölemäge borçly etdi diýip, "Rolling Stones" habar berýär....

21.05.2026 13:01
8k+

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Keti Perri, Future, Lisa we J Balvin çykyş eder

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň guramaçylary ABŞ-da boljak dabara gatnaşjak artistleriň resmi sanawyny yglan etdiler. Kaliforniýadaky dabaranyň esasy ýyldyzlary Keti Perri (Katy......

18.05.2026 22:01
6.4k+

Kanýe West awtorlyk hukugy boýunça kazyýetde utuldy: indi ol öwezpuluny tölemeli bolar

Meşhur repçi Kanýe West awtorlyk hukuklaryny bozandygy baradaky kazyýet işinde ýeňildi diýip, The Guardian neşiri habar berdi....

17.05.2026 14:15
6k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....