Alymlar garynjalaryň Aýa görä ugur kesgitläp bilýändigini anykladylar

  • 16.03.2026 15:20
  • 2k+

Myrmecia midas görnüşindäki buldog garynjalary gijelerine özboluşly "aý kompasy" arkaly ugurlaryny kesgitläp bilýärler. Current Biology žurnalynda çap edilen makalada alymlar şeýle netijä gelipdirler.

Bu gije gezýän mör-möjekler agaç şiresini gözlemek üçin öz hinlerinden yzygiderli çykyp, dürli ugurlarda gyrymsy agaçlaryň arasynda sagatlap aýlanýarlar, soňra bolsa göni hatar bolup diýen ýaly yzlaryna gaýdyp gelýärler. Alymlar köp wagtlap olaryň garaňkyda öz ýoluny nädip şeýle takyk tapýandygyna düşünmäge synanyşdylar. 

Bu barlag garynjalaryň Aýyň ýerleşýän ýerini ulanýandygyny we ony içki wagt duýgusy bilen baglanyşdyrýandygyny görkezdi. Aýyň asmanda yzygiderli hereket edýändigi üçin, mör-möjekler onuň tizligini hasaba alyp, ugurlaryny üýtgetmeli bolýarlar. Mysal üçin, eger garynja öz hininiň Aýdan 10° sagda ýerleşýändigini bilse we Aýyň her sagatda 10° hereket edýändigini duýsa, onda bäş sagatdan soň, yzyna gaýtmaly bolanda, onuň hini 60° sagrakda bolar.

Bu gipotezany barlamak üçin Pol Sabatýe uniwersitetiniň özüňi alyp barşy öwrenýän ekology Kodi Fris we onuň kärdeşleri garynjalar bilen tejribe geçirdiler. Olar garynjalary öz hinleriniň golaýyndan tutup, Aýy görmäge mümkinçilik berdiler ýa-da şeýle mümkinçilikden mahrum etdiler. Soňra garynjalary 200 metr uzaklykdaky näbelli bir ýere äkitdiler we olaryň hereketini synlandylar.

Aýyň ýagtylygy bolmasa, garynjalaryň öz ugurlaryny ýitirmek ähtimallygynyň has ýokarydygy mälim boldy. Aýy görýän garynjalar yzyna has takyk gaýdyp geldiler.

Bu açyş buldog garynjalaryny "aý kompasyny" ulanyp, hereket edýän ilkinji janly-jandarlara öwürýär. Bražnik kebelekleri ýaly beýleki mör-möjekleriň ugur alýan ýyldyzlaryndan tapawutlylykda, Aý ýagtylygyň hapasyna tutulmaýar we bulutlary böwsüp geçer derejede ýagty bolup bilýär. Mundan başga-da, buldog garynjalarynyň asmana ýaýraýan polýarlaşdyrylan Aý şöhlesiniň tegelek nagyşlaryny görmäge mümkinçilik berýän özboluşly gözleri bar, bu bolsa olara Aý gözýetimiň aňyrsynda bolsa-da, onuň ýerleşýän ýerini intuisiýa arkaly kesgitlemäge mümkinçilik berýär.


düýn 20:16
2.2k+

Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar....

düýn 19:58
5.6k+

Alymlar goşmaça ukynyň ukusyzlykdan ýeten zyýanyň öwezini dolup biljegini-bilmejegini anykladylar

Alymlar ukusyz gijeden soň goşmaça uklamagyň ukusyzlygyň täsirini bölekleýin gowşadyp biler, ýöne onuň ýetiren zyýanynyň öwezini doly dolduryp bilmez diýen netijä geldiler. Nature Communications žurnalynda çap......

19.05.2026 23:28
2.4k+

NPJ: Plastik çäýnekler mikroplastikleriň bedene düşmegine sebäp bolýar

Awstraliýaly alymlar plastik çaýnekleriň suw gaýnadylanda millionlarça mikro we nanobölejikleri bölüp çykaryp biljekdigini anykladylar....

18.05.2026 13:49
2.7k+

Alymlar fiziki işjeňligiň duýgulara garaşylmadyk täsiriniň bardygyny anykladylar

Halkara alymlar topary fiziki işjeňligiň adamyň howsalasyny kemeltmäge ýa-da rahatlyk duýmaga kömek etmegindenem beter, energiýasynyň derejesini ýokarlandyrmaga has köp täsir edýändigini anyklady....