10k+

Ägirt “bulut-sunami” Portugaliýanyň kenarlaryndaky adamlary gorkuzdy

Portugaliýanyň asmanynda seýrek atmosfera hadysasy – rulon görnüşli bulut peýda boldy. Bu hadysa Powoa-de-Warzin, Wila-du-Kondi, Figeýra-da-Foş we Owar sebitleriniň kenarlarynda dynç alýan adamlary hem haýran galdyrdy, hem gorkuzdy diýip, Notícias ao Minuto habar berýär...

5.7k+

“Mugthorlar” kinematografçylar tarapyndan XXI asyryň iň gowy filmi hökmünde saýlandy

The New York Times žurnaly Golliwuddan we bütin dünýäden kinematografçylaryň pikiri boýunça XXI asyryň iň gowy 100 filminiň sanawyny hödürledi. Pikir soraşma kinopudagyň 500-den gowrak wekili, şol sanda režissýorlar, aktýorlar we ssenariçiler gatnaşdy – olaryň arasynda Pedro Almodowar, Sofiýa Koppola, Barri Jenkins, Gilýermo Del Toro, Jon Turturro we Julianna Mur bar...

5k+

Baş keşpde Bred Pittiň düşen “Formula 1” filmi dünýä prokatyny eýeleýär

Bred Pittiň baş keşbi janlandyrmagynda täze “Formula 1” filmi ABŞ-da we Kanadada 55,6 million dollar, dünýäde bolsa 88,4 million dollar girdeji gazandy diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Filmiň dynç günleriniň umumy girdejisi 144 million dollardan geçdi we bu prodýuserleriň garaşyşlaryndan ep-esli ýokary boldy...

13k+

Ay Yola, Simge, Edis we beýleki dünýä belli aýdymçylar Arkadag şäherinde konsertde çykyş etdiler

29-njy iýunda agşam “Arkadag Binasynyň” öňündäki baýramçylyk meýdançasynda Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan we Başgyrdystan Respublikalaryndan, Türkiýeden, Özbegistandan gelen ussatlaryň ýerine ýetiren aýdymlarydyr tanslary tomaşaçylar üçin baýramçylyk sowgady boldy...

3.8k+

“28 ýyl soň” zombi franşizasynyň iň girdejili filmi boldy

“28 ýyl soň” (28 лет спустя) filminiň dünýädäki kassa ýygymy 100 mln dollardan geçdi. Režissýor Denni Boýluň kartinasy bu görkezijä 20-nji iýunda bolan premýerasyndan soň dokuz günüň içinde ýetmegi başardy. Film franşizada eýýäm iň köp girdeji gazanan boldy...

4.7k+

Xiaomi täze eplenýän Mix Flip 2 smartfonyny tanyşdyrdy

Xiaomi ikinji nesil eplenýän smartfony Mix Flip 2-ni resmi taýdan tanyşdyrdy. Enjam täzelenen dizaýn, Dragon Bone atly şarnir we 5165 mA·sag sygymly batareýa bilen üpjün edilen. Kompaniýanyň bellemegine görä, bu şeýle batareýa ornaşdyrylan ilkinji eplenýän smartfondyr...

2.9k+

«Stiw Jobs» filminiň ssenaristi Mark Sukerberg baradaky filmiň dowamyny düşürer

«Ähli zady üýtgeden adam» («Человек, который изменил все») we «Stiw Jobs» «(Стив Джобс») filmleriniň ssenaristi Aaron Sorkin «Sosial ulgam» («Социальная сеть») filminiň dowamyny döretmek bilen meşgullanýar. Deadline neşiriniň maglumatyna görä, ol täze filmiň diňe bir ssenarisiniň ýazary bolman, eýsem režissýory hem bolar...

1.7k+

Režissýor Dag Laýman Stiwen Kingiň meşhur «Garşy durmak» romanyny ekranlaşdyrar

Amerikaly režissýor Dag Laýman meşhur ýazyjy Stiwen Kingiň “Garşy durmak” (The Stand) atly apokaliptik romany esasynda doly metražly film döretmäge girişdi. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Täze ekranizasiýa Paramount Pictures we Cross Creek Pictures studiýalarynyň gatnaşmagynda taýýarlanýar...

7.4k+

Medeniýet hepdeligi — 2025 baýramçylyk konserti bilen jemlendi

27-nji iýunda Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden baýram edildi. Bu baýrama gabatlanyp geçirilen Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy...

5.9k+

Xiaomi 339 dollardan Snapdragon 8s Gen 4 çipli Poco F7 smartfonyny çykardy

Xiaomi täze smartfony — Poco F7-ni hödürledi. Täze enjam mart aýynda çykarylan F7 Ultra we F7 Pro modelleriniň üstüni ýetirdi. Smartfon 4 nm tehnologiýasynda öndürilen sekiz ýadroly Snapdragon 8s Gen 4 prosessorynda işleýär we AnTuTu testinde 2 milliondan gowrak bal toplapdyr...

4.6k+

Marvel täze «Fantastiki dörtlügiň» jemleýji treýlerini görkezdi

Marvel “Fantastik dörtlük: Ilkinji ädimler” (“Fantastic Four: First Steps”) filminiň soňky treýlerini köpçülige hödürledi. Film dünýä boýunça prokata 25-nji iýulda çykyp, Marvel-iň kinematografik äleminiň altynjy tapgyrynyň başlangyjy bolar...

1.9k+

Windows 11-de dikeldiş nokatlary iki aýdan pozulyp başlar

Microsoft kompaniýasy Windows 11-de dikeldiş nokatlarynyň (Restore point) saklanyş möhletini üýtgetdi. 2025-nji ýylyň iýun aýyndan başlap, 24H2 wersiýasy üçin täze täzelenme girizilenden soň, bu nokatlar indi diňe 60 gün saklanar — öň bu möhlet 90 güne barabardy...

3.1k+

Huawei eplenýän Pocket 2 Premium Edition-y çykarar: ol esasy wersiýadan arzan bolar

Huawei täze eplenýän Pocket 2 Premium Edition smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar diýip, brendiň Weibo sosial ulgamyndaky resmi hasaby habar berýär. Täze model 26-njy iýunda satuwa çykarylar we öňki Pocket 2 modelindäki ýaly dört reňkde hödürlener: Tahitian Gray (çal), Rococo White (ak), Purple (gyrmyzy), Black (gara)...

3k+

Gaý Riçiniň «Gangsterland» serialy ikinji möwsüme uzaldyldy

Paramount kompaniýasy “Gangsterland” teleserialyny ikinji möwsüme uzaltdy diýip, Variety habar berýär. Serial mart aýynda başlapdy, ilkinji möwsüminiň soňky bölümi bolsa 1-nji iýunda görkezildi. Serial alty hepde yzygiderli Nielsen reýtinginde iň gowy on original taslamanyň hataryna girmegi başardy...

2.1k+

Jeýms Bond hakyndaky indiki filmi "Alaňyň" režissýory Deni Wilnýow düşürer

Jeýms Bond baradaky indiki filmi kanadaly režissýor Deni Wilnýow surata düşürer diýip, Variety habar berýär. Wilnýow “Gelip çykyş” («Прибытие»), “Duşman” («Враг»), “Päkiniň üstünden ylgap barýan 2049” («Бегущий по лезвию 2049») we “Alaň” («Дюна») filminiň iki bölümi bilen tanalýar...

13k+

Jonni Depp Jek Worobeýiň keşbinde Madridiň hassahanasyndaky çagalary begendirdi

Jonni Depp Madriddäki Niño Jesús hassahanasynda bejergi alýan çagalary begendirmek üçin ýene-de kapitan Jek Worobeýiň keşbinde peýda boldy diýip, People neşiri habar berýär. Aktýor meşhur garakçynyň keşbinde hassahananyň otaglaryna aýlanyp, kiçijik hassalar bilen salamlaşdy, olara “bäş berdi” we ruhlaryny göterdi...