Xiaomi täze Redmi Note 15 hataryny çykardy

  • 23.08.2025 18:36
  • 15k+

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda Redmi Note 15 smartfon hataryny hödürledi. Oňa üç model girdi: esasy Redmi Note 15, Redmi Note 15 Pro we Redmi Note 15 Pro+. Smartfonlar öňki nesil bilen deňeşdirilende has kämil displeýlere, prosessorlara we akkumulýatorlara eýe boldy.

Redmi Note 15 durulygy FHD+ we täzelenme ýygylygy 120 Gs  bolan 6,77 dýuýmlyk AMOLED displeýini, Snapdragon 6 Gen 3 prosessoryny aldy. Ol 12 GB çenli operatiw we 256 GB çenli hemişelik ýady hödürleýär. 5800 mA/sag sygymly akkumulýator 45 Wt kuwwatly zarýad berşi goldaýar.
Pro wersiýalary durulygy 2772 × 1280 piksel we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan 6,83 dýuýmlyk AMOLED ekranlaryna eýe boldy. Paneller Dragon Crystal Glass aýnasy bilen goralýar.
Redmi Note 15 Pro+ Qualcomm Snapdragon 7s Gen 4 prosessorly ilkinji smartfon boldy. Ol öndürijiligiň özünden öňki bilen deňeşdirilende 7% ýokary bolmagyny üpjün edýär. Smartfonda Adreno 810 grafikasy, Snapdragon X62 5G modemi we sowadyş ulgamy hem ulanylýar.
Redmi Note 15 Pro smartfony Dimensity 7300-üň esasynda döredilen MediaTek Dimensity 7400 Ultra prosessoryna eýe boldy. Modelleriň ikisi-de 7000 mA/sag akkumulýator bilen enjamlaşdyryldy. Zarýad: Note 15 Pro+-da 90 Wt, Note 15 Pro-da 45 Wt. Şeýle-de, beýleki gurluşlara 22,5 Wt kuwwatly zarýad beriş goldawy bar.

Kameralar:

  • Note 15: 50 Mp Light Fusion 400 sensory, 2 Mp çuňluk datçigi; frontal – 8 Mp. 
  • Note 15 Pro+: esasy modul 50 Mp Light Fusion 800, 2,5 esse zum bilen 50 Mp portret obýektiwi, 8 Mp ultra giňburçly; frontal – 32 Mp.
  • Note 15 Pro: 50 Mp Sony LYT-600, 8 Mp ultra giňburçly, 2 Mp makro; frontal – 20 Mp.

Smartfonlar IP66, IP68, IP69 we IP69K ülňüleri boýunça suwdan we tozandan goragly.
Pro gurluşlar Midnight Black (gara), Cedar White (ak), Sky Blue (asman gök) we Cloud Purple (benewşe) reňklerde hödürlenýär. Şeýle-de, gök reňkde çäkli seriýa çykaryldy. Redmi Note 15 Midnight Black (gara), Sky Blue (gök) we Star White (ak) reňklerde elýeterli bolar.

Görnüşler we bahalar:

  • Redmi Note 15 12/256 GB — 1499 ýuan ($208);
  • Redmi Note 15 Pro 8/256 GB — 1499 ýuan ($208);
  • Redmi Note 15 Pro 12/256 GB — 1699 ýuan ($236);
  • Redmi Note 15 Pro 12/512 GB — 1899 ýuan ($264);
  • Redmi Note 15 Pro+ 12/256 GB — 1999 ýuan ($278);
  • Redmi Note 15 Pro+ 12/512 GB — 2199 ýuan ($306);
  • Redmi Note 15 Pro+ 16/512 GB — 2399 ýuan ($334);
  • Redmi Note 15 Pro+ Satellite Edition 16/512 GB — 2499 ýuan ($348).

Smartfonlar eýýäm Hytaýda satuwa çykdy. 


şu gün 11:06
227

Xiaomi 2026-njy ýylda onlarça meşhur smartfon modelini goldamagy bes eder

Xiaomi kompaniýasy 2022–2023-nji ýyllarda çykarylan köp sanly meşhur smartfon modelleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini bermegi bes etmegi meýilleşdirýär. Olaryň goldawy 2026-njy ýylda doly tamamlanar. End of Life (EOL), ýagny hyzmat möwritiniň tamamlanmagy statusy, hususan-da, aşakdaky enjamlara berler: Xiaomi: Xiaomi 12, 12 Pro, 12X, 12 Lite, Xiaomi 12T we 12T Pro...

düýn 09:38
2.9k+

Xiaomi uly tanyşdyryş taýýarlaýar: Xiaomi 17 Ultra, Redmi Turbo 5 we beýleki enjamlar görkeziler

26-njy dekabrda Xiaomi kompaniýasy “Xiaomi 17 Ultra” flagman smartfonyny we başga-da birnäçe täze önümleri görkezmek üçin uly tanyşdyryş çäresini geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada insaýder Digital Chat Station habar berdi...

26.10.2025 18:24
4.3k+

Sabwufer we 5 esse teleskop bilen Redmi K90 Pro Max hödürlendi

Xiaomi kompaniýasy Redmi K90 Pro Max smartfonyny – seriýada iň ösen modeli hödürledi. Smartfon Snapdragon 8 Extreme Edition Gen 5 platformasynda guruldy we Redmi hatarynda 5 esse optiki zum bilen periskopik teleobýektiwe eýe bolan ilkinji smartfon boldy...

26.10.2025 09:35
4.5k+

Redmi we Lamborghini K90 Pro Max smartfonynyň “çempion” wersiýasyny hödürledi

Redmi öz täze flagmanynyň aýratyn görnüşini – Redmi K90 Pro Max Champion Edition smartfonyny hödürledi. Bu wersiýa Lamborghini Squadra Corse ýaryş bölümi bilen bilelikde döredildi. Onuň adaty modelden aýratynlygy Lamborghini superkarlarynyň dizaýnyndan ylham alan korpusy boldy...