Daniýada kagyz poçta hat alyşmalary 400 ýyllyk taryhyny tamamlanýar

  • 25.08.2025 12:50
  • 3.4k+

Döwlet poçta kompaniýasy PostNord Danmark 2025-nji ýylyň ahyryna çenli kagyz hatlaryny eltip bermegiň bes ediljekdigini yglan etdi diýip, BBC habar berýär. Bu ýurtda poçta hatlarynyň 400 ýyldan gowrak taryhynyň tamamlanmagyna getirer.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, ýigrimi ýylda Daniýada hatlaryň möçberi 90%-den gowrak – 2000-nji ýyldaky 1,4 milliarddan 2023-nji ýylda 110 milliona çenli azaldy. PostNord-yň ýolbaşçysy Kim Pedersen ortaça ýurduň ýaşaýjylarynyň aýda bir hat alýandygyny belledi.
Hatlaryň sanynyň azalmagy bilen baglylykda kompaniýa hatlary eltip bermek bölümçesinde 2200 işgäri işden aýyrýar. Şol bir wagtyň özünde, poçta ýüklerini eltip bermekde 700 sany täze boş iş ornuny açmagy meýilleşdirilýär. Şeýle-de, PostNord poçtalary tertipleşdirmegiň awtomatizirlenmegine maýa goýup, köçelerden 1500 töweregi gyzyl poçta gutusyny aýrar.
Daniýa dünýäniň iň sanlylaşdyrylan ýurtlarynyň biri hasaplanýar we bu görkeziji boýunça diňe Günorta Koreýadan yza galýar. On ýyldan gowrak wagt bäri häkimiýetler “ilkinji nobatda sanlylaşdyrmak” ýörelgesini ulanyp, raýatlara resmi habarnamalary elektron görnüşde iberýär.
Sanly hyzmatlara geçiş Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda we ABŞ-da hem alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde, Germaniýa we Şweýsariýa hatlaryň sanynyň bu ýerde hem azalandygyna garamazdan, kagyz poçtasyny saklaýar. Bilermenleriň pikiriçe, Daniýadan soň ÝB-niň beýleki döwletleri hem şeýle çäreleri görer. 


18.05.2026 14:53
12k+

Baltika deňzinde halas edilen läheň Timmi Daniýanyň kenarlarynda öli tapyldy

Belli örküçli läheň Timminiň (Houp hem diýilýär) läşi Daniýanyň Anholt adasynyň kenarynda tapyldy diýip, «Der Spiegel» neşiri Daniýanyň Daşky gurşawy goramak agentligine salgylanyp habar berýär....

17.05.2026 10:36
5.1k+

Daniýada gaýtadan işlenen materiallar ulanylyp, ýurduň iň beýik agaç binasy guruldy  

Daniýanyň Orhus şäherinde 78 metrlik TRÆ diňiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Daniýanyň iň beýik agaç desgasy we dünýäde iň beýik binalaryň biridir....

22.03.2026 16:24
8.8k+

Bagtsyzlykdan bihabar ýurt: Finlýandiýa iň bagtlylaryň sanawynda ýene birinji

BMG-niň başlangyjy bilen Oksford uniwersitetiniň Abadançylyk gözleg merkezi we «Gallup» instituty bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan «World Happiness Report» hasabaty, dünýäde iň bagtly ýurtlaryň sanawy hödürlendi...

06.01.2026 14:41
9.1k+

Daniýanyň kenarynda orta asyrlara degişli iň uly söwda gämisi tapyldy

Kopengageniň golaýynda takmynan 600 ýyl ozal gark bolan gämi tapyldy. Deňiz arheologlarynyň pikiriçe, bu häzirki güne çenli tapylan iň uly klinker (tagtalary üst-üste goýlan) gurluşly gämidir. "Svælget 2" diýlip atlandyrylýan bu gämi Eresunn bogazynda, 13 metr çuňlukda ýüze çykaryldy...