Daniýanyň kenarynda orta asyrlara degişli iň uly söwda gämisi tapyldy

  • 06.01.2026 14:41
  • 9.1k+

Kopengageniň golaýynda takmynan 600 ýyl ozal gark bolan gämi tapyldy. Deňiz arheologlarynyň pikiriçe, bu häzirki güne çenli tapylan iň uly klinker (tagtalary üst-üste goýlan) gurluşly gämidir.

"Svælget 2" diýlip atlandyrylýan bu gämi Eresunn bogazynda, 13 metr çuňlukda ýüze çykaryldy.
Gözleg işleriniň jikme-jikliklerini Roskille şäherindäki Wiking gämi muzeýiniň hünärmenleri mälim etdiler. Arheologlar gäminiň örän gowy saklanyp galan korpusyny öwrenmek we ondan tapyndylary çykarmak üçin jemi 289 gezek suwa çümdüler. Gämide orta asyr adamlarynyň gündelik durmuşynda ulanan köp sanly zatlary: aýakgaplar, darak, gazan we agaç tabak ýaly gymmatlyklar tapyldy.
Gäminiň ölçegleri haýran galdyrýar:

  • Uzynlygy: 28 metr;
  • Ini: 9 metr;
  • Beýikligi: 6 metr.

"Svælget 2" gämisiniň ýük göterijiligi takmynan 300 tonna bolup, ol uly möçberdäki agaç, kerpiç we azyk önümlerini daşamaga niýetlenipdir.
Şeýle söwda gämileri (koggalar) orta asyr Demirgazyk Ýewropasynda giňden ýaýrapdyr, sebäbi olar az sanly ekipaž bilen uzak aralyklara ýük daşamaga mümkinçilik beripdir. Arheologlaryň bellemegine görä, bu tapyndy şol döwürdäki söwdanyň nähili uly gerime eýe bolandygyny aýdyň görkezýär.


18.05.2026 14:53
11k+

Baltika deňzinde halas edilen läheň Timmi Daniýanyň kenarlarynda öli tapyldy

Belli örküçli läheň Timminiň (Houp hem diýilýär) läşi Daniýanyň Anholt adasynyň kenarynda tapyldy diýip, «Der Spiegel» neşiri Daniýanyň Daşky gurşawy goramak agentligine salgylanyp habar berýär....

17.05.2026 10:36
5.1k+

Daniýada gaýtadan işlenen materiallar ulanylyp, ýurduň iň beýik agaç binasy guruldy  

Daniýanyň Orhus şäherinde 78 metrlik TRÆ diňiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Daniýanyň iň beýik agaç desgasy we dünýäde iň beýik binalaryň biridir....

22.03.2026 16:24
8.8k+

Bagtsyzlykdan bihabar ýurt: Finlýandiýa iň bagtlylaryň sanawynda ýene birinji

BMG-niň başlangyjy bilen Oksford uniwersitetiniň Abadançylyk gözleg merkezi we «Gallup» instituty bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan «World Happiness Report» hasabaty, dünýäde iň bagtly ýurtlaryň sanawy hödürlendi...

25.08.2025 12:50
3.4k+

Daniýada kagyz poçta hat alyşmalary 400 ýyllyk taryhyny tamamlanýar

Döwlet poçta kompaniýasy PostNord Danmark 2025-nji ýylyň ahyryna çenli kagyz hatlaryny eltip bermegiň bes ediljekdigini yglan etdi diýip, BBC habar berýär. Bu ýurtda poçta hatlarynyň 400 ýyldan gowrak taryhynyň tamamlanmagyna getirer...