Honor içi nauşnikli simsiz syçanjygy çykardy

  • 25.08.2025 12:25
  • 3.3k+

Honor kompaniýasy bir wagtyň özünde nauşnikler üçin zarýad gutusy bolup hyzmat edýän Select Yuewo Wireless Ear Mouse Pro simsiz syçanjygyny çykardy.

Nauşniksiz syçanjygyň agramy 78 grama, onuň bilen birlikde 88 grama barabar. Onuň ululygy – 112 × 60 × 34 mm. Korpus hem saglakaýlar, hem çepbekeýler üçin amatly şekilde ýerine ýetirildi. Düwmeler 5 mln gezek basmaga çydamlydyr. 1000 mA/sag sygymly akkumulýator goşmaça zarýad bermezden 30 gün işlemäge mümkinçilik berýär. Ol hem syçanjygyň özi, hem nauşniklere zarýad bermek üçin ulanylýar.
Kompýutere birikdirilende syçanjyk we nauşnikler aýratyn kabul edijiler arkaly işleýär. Diňe bir düwmäniň üsti bilen gurluşy adaty syçanjyk hökmünde ulanyp, jaň gelen wagty nauşnikleri işjeňleşdirip bolýar. Smartfona birikdirilende nauşnikler Bluetooth arkaly işleýär we aýratyn ulanylyp bilner, syçanjyk bolsa öz kabul edijisi arkaly işlemegini dowam etdirer.
Täze gurluş Windows 10 we soňky wersiýalar, şeýle-de macOS 10.13 we has täze wersiýalar bilen gabat gelýär.
Onuň bahasy Hytaýda 269 ýuana (takmynan, $37) barabar. Satuwyň başynda ol 249 ýuandan (takmynan, $34) hödürlenýär. Alyjylar iki reňki saýlap biler: Champagne Gold we Starry Gray.

şu gün 11:17
2.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
886

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......