Britaniýaly adam bir hepdede 55 sany "amerikan depejikleri" attraksionyna münüp Ginnesiň rekordyny goýdy

  • 24.08.2025 17:19
  • 9.2k+

Britaniýaly Din Stouks Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy – ol bir hepdäniň içinde "amerikan depejikleri" diýlip belli bolan 55 sany attraksionlara münüpdir diýip, BBC habar berýär.

Rekordçy ilkibaşda diňe Beýik Britaniýadaky we Irlandiýadaky şeýle attraksionlara baryp görmegi maksat edinendigini, ýöne soňundan rekord goýmagy ýüregine düwendigini aýtdy.
Stouksyň sözlerine görä, iň uly kynçylyk britan howasynyň üýtgäp durmagy bolupdyr.

«Floris» diýen tupan meniň üçünji we dördünji günki meýilnamalarymy bozdy: attraksionlar işlemegini bes etdi, iki park bolsa duýduryşsyz ýapyldy. Şeýle bolmadyk bolsady, men 60-dan gowrak "depejige" münip bilerdim!» — diýip, ol paýlaşdy.

Kynçylyklaryň biri hem logistikada ýüze çykypdyr, sebäbi parklar biri-birinden uzak aralykda ýerleşýär.
Stouksyň bu hili attraksionlara bolan höwesi ýaşlykdan başlapdyr.

«Men ilkinji gezek ýetginjek wagtym attraksion parkyna bardym we şol bada adrenalin duýgusyny haladym! Meni täze parklary tapmak, olaryň dünýäsine çümmek — bezeginden we aýdym-sazyndan başlap, attraksionlaryna çenli — örän begendirýär» diýip, ol aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu syýahatyň esasy maksady şowhunly dynç alyş bolupdyr:

«Bize şatlyk berýän zatlardan utanmazlygyň, tersine, bu bagtly pursatlary başgalar bilen paýlaşmagyň wagty geldi» diýip, ol belledi.

BBC-niň bellemegine görä, mundan ozal şeýle rekord bolmandyr. Onuň resmi taýdan ykrar edilmegi üçin azyndan 30 "depejik" gerekdi. Netijede, Stouks 16 günüň içinde Beýik Britaniýanyň çäginde 32 parka baryp, 108 attraksiona münüpdir.


düýn 22:32
1.4k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....