McDonald's BTS topary bilen bilelikdäki taslamany hödürledi

  • 23.08.2025 12:39
  • 3.6k+

Tiz iýmit restoranlar ulgamy McDonald's Günorta Koreýanyň BTS topary bilen täze hyzmatdaşlygyny hödürledi. Bu barada Today habar berýär.

Sentýabrdan başlap ulgamyň restoranlarynda toparyň agzalarynyň heýkeljikleri bilen Happy Meal toplumyny satyn alyp bolar. Heýkeljikler Big Hit Entertainment kompaniýasy tarapyndan 2019-njy ýylda resmi merçiň bir bölegi hökmünde döredilipdi.
Iki seriýa çykarylar: 3-nji sentýabrdan Throwback Edition23-nji sentýabrdan Encore EditionHer bir Happy Meal toplumyna bir heýkel we toparyň agzasynyň suraty bolan kartoçka goşular.
Taslamany goldamak maksady bilen 27-nji we 28-nji sentýabrda Los-Anjelesde Magic Meetup çäresi geçiriler. Mundan başga-da, Happy Meal toplumynyň gaplamasynda TinyTan Power Up mobil oýnuna salgylanma peýda bolar. Muşdaklar wirtual gahrymanlar bilen oýnap biler.
Bu ulgam bilen toparyň arasynda ilkinji hyzmatdaşlyk däl. 2021-nji ýylda McDonald's naggetsler we sous bilen BTS Meal toplumyny çykardy. Ol meşhur bolup, kompaniýanyň dünýädäki satuwyny 40,5% ýokarlandyrdy. Toplumyň gaplamasy derrew kolleksiýa predmetine öwrülip, eBay-de gaýtadan satyldy.

şu gün 11:17
2.5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
722

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1.2k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......