Aşgabatda "Kids EXPO" sergisiniň çäklerinde «Sumo robot» bäsleşigi geçirildi

  • 24.08.2025 16:24
  • 6.2k+

Aşgabatda geçirilen «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin » atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde «Sumo robot» bäsleşigi guraldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de «Döwrebap maslahat» hususy kärhanasynyň bilelikde geçiren bäsleşigine ýurdumyz boýunça ýaşlaryň 50-ä golaýy gatnaşdy.

Ýekeleýin esasda geçirilen «Sumo robot» bäsleşiginde, gatnaşyjylar robot maşynlary ýörite meýdançada göreşdirdiler. Ýaryşyň şertine laýyklykda, okuwçylar öz robotlary bilen garşydaşynyň robotyny ýapon sumo göreşindäki ýaly, kesgitlenen meýdançanyň daşyna çykarmak üçin “güýç synanyşdylar”.

“Bäsleşige okuwçylar hut özleriniň taýynlan robotlary bilen gatnaşdylar. Olaryň hersiniň agramy 1,2 kilograma, göwrümi 25х25 santimetre deň. Batareýalarynyň naprýaženiýasy 12 woltdan ýokary däl we “Ardunio T-T” diýlip atlandyrylýan motorlary bar. Deň häsiýetli robotlaryň tapawutly tarapy olaryň konstruktiw täzeçilligi we dolandyrýan okuwçylaryň çeýeligi bolup durýar” diýip, ýaryşyň baş Emini Ismaýil Hakimow gürrüň berdi.

Çekeleşikli geçen göreşler has ezberleri öňe saýlady. Ýaryşyň emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda,

  • 1-nji orna Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy, Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkeziniň diňleýjisi Alihan Akgaýew;
  • 2-nji orna Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi Rozymyrat Ýagşymyradow;
  • 3-nji orna Aşgabat  şäherindäki 18-nji mekdebiň okuwçysy, Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkeziniň diňleýjisi Aýhan Garýagdyýew mynasyp boldy.


Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan höweslendiriji ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. «Sumo robot» bäsleşigi «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň jemleýji gününiň gyzykly wakalarynyň birine öwrüldi.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.9k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.9k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......