Ýaponiýanyň üstünden “otly şar” uçup geçdi

  • 22.08.2025 18:57
  • 12k+

Ýaponiýanyň günbatar prefekturalarynyň üstünden sişenbe güni ýerli wagt bilen 23:00-da ýiti otly şar uçup geçdi diýip, The Guardian habar berýär.

Birbada birnäçe sebitiň ýaşaýjylary bu hadysa syn edip, sosial ulgamlarda wideo ýerleşdirdi. Şaýatlaryň aýtmagyna görä, asman jisiminiň ýagtylygy Aý bilen deňleşýärdi. Miýadzaki prefekturasyndan şaýat şeýle gürrüň berýär: “Ýokarda daş-töweregi şeýle bir ýiti ýagtyldan ak yşyk peýda boldy welin, men jaýlaryň diňe käbir ýerini görüp bildim”. Beýleki bir ýerli ýaşaýjy “Duýdansyz gündiz ýaly ýagty boldy. Men birbada aljyrap, näme bolýandygyna düşünip bilmedim” – diýip belleýär.
Sasumasendaýdaky Sendaý kosmos muzeýiniň müdiri Marda Tosihisa “otly şara” meňzeýän meteorlaryň tozan, asteroidleriň we beýleki kosmos jisimleriniň Ýeriň atmosferasyna girende ýanýan bölejikleri sebäpli ýagty saçýandygyny aýtdy.
Ol häzirki ýagtylyk şarynyň, şübhesiz, şeýle meteordygyny belledi. Hünärmen onuň deňze gaçyp bilendigini sözüniň üstüne goşdy.
NASA-nyň hasaby boýunça, jisimiň ululygy diametri boýunça 1 metre golaý. Hünärmenler häzir onuň gaçan ýerini bilmek üçin uçuş ýoluny öwrenýär. Çaklamalara görä, ol Ýuwaş ummana gaçan bolmaly. 


04.06.2026 11:45
2.3k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......

14.05.2026 14:43
2.3k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......