Meksikaly aşpezler tako taýýarlap, birbada üç rekord goýdy

  • 26.08.2025 21:51
  • 11k+

Sýerra-Madre daglarynyň etegindäki Guadalupe şäherçesinde geçirilen La Discada festiwalynda meksikaly aşpezler Ginnesiň birbada üç rekordyny goýdy. Olar bir sagatda hödür edilen iň köp tako, iň uly gowrulan tagam we iň uly saç üçin hasaba alyndy.

Tagamy taýýarlamak üçin guramaçylar we şäherçäniň administrasiýasy 12 günläp 7,3 metr diametrli ýörite saç gurdy. Onda Meksikanyň demirgazygynda şöhlatdan, sygyr etinden, doňuz etinden, bekondan, pomidordan, burçdan, sogandan we piwodan ybarat bolup, doňuz ýagynda taýýarlanýan däp bolan tagam – diskada gowruldy.  


Aşpezlik bilim edaralaryndan ýüzden gowrak okuwçy tagamy taýýarlamaga kömek etdi. Iş 3 sagat 40 minut wagt aldy. Tagamyň umumy agramy 2509 kilogram boldy. Agramy çekilenden soň taýýar tagam tortilýa paýlanyp, tako edildi. Myhmanlara bir sagatda rekord 13 215 tako hödürlendi.
Ähli paýlar diýen ýaly 10 müň myhman tarapyndan iýildi. Galanlary ýerli haýyr-sahawat guramalaryna we çagalar öýlerine berildi.


04.06.2026 17:17
5.5k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

01.06.2026 20:16
6.3k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

29.05.2026 23:05
5.3k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....