15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

  • 13.05.2026 23:15
  • 4.2k+

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15 ýyl 82 güne deň boldy.

Herbi Beýik Britaniýanyň Surreý graflygynda mugallym bolup işleýän Riçard we Melissa Danem maşgalasynda ýaşaýar. Olar ony sekiz hepdelik wagty haýwanat dükanyndan alypdyrlar. Towşan bu maşgala Flopsi atly towşanyň öňki hemrasy Starski aradan çykandan soň, oňa ýoldaş hökmünde getirilipdir.

Jübüt 2010-njy ýyldan bäri towşan saklaýarlar we şu wagta çenli birnäçe haýwany halas etdiler.

Adatça, ýolbars kelleli towşanlar 7 ýyldan 10 ýyla çenli ýaşaýarlar, şonuň üçin Herbiniň ýaşy bu tohum üçin ortaça görkezijiden takmynan iki esse köpdür.

Melissanyň aýtmagyna görä, onuň jandarynyň özboluşly häsiýeti bar: ol garaşsyz, buýurmagy gowy görýär we aýratyn-da Riçarda juda bagly. Ýaş wagty Herbi eýesiniň otagda öz yzyndan ylgaýanyny gowy görer eken we oýnuň dowam etmegi üçin käte saklanyp garaşar eken.


düýn 09:29
3.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:05
2.8k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......